Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanda hususy awtoulaglarda agyz-burun örtüklerini dakynmak zerurmy?

11:5423.06.2022
0
49404

Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministriniň buýrugy esasynda agyz-burun örtüklerini hökmany dakynmaly ýerlerine girizilen üýtgetmeler barada ozal Turkmenportal web-saýtymyzda habar beripdik. Has takygy ähli adamlaryň:

1. Türkmenistanyň döwlet serhediniň gözegçilik-geçiriş ýerlerinde;
2. Köpçülikleýin ýapyk binalarda:
3. Jemgyýetçilik ulaglarynyň ähli görnüşlerinde agyz burun örtüklerini dakynmagy hökmanydygy we bu buýrugyň mekdebe çenli ýaşly çagalara degişli däldigi aýdylypdy.

Häzirki wagtda Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň Polisiýanyň ýol gözegçiligi gullugy tarapyndan raýatlara hususy awtoulaglarda agyz burun örtüklerini dakynmak zerurlygynyň ýokdugy duýdurylýar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň