Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi möwsümleýin ýokanç keselleriň öňüni almak boýunça hökmany çärelere üýtgeşme girizdi.
Türkmenistanyň Hukuk maglumatlary portalynda neşir edilen resminama laýyklykda agyz-burun örtüklerini şu aşakdaky ýerlerde dakynmaly:
1. Türkmenistanyň Döwlet serhediniň gözegçilik-geçiriş ýerlerinde;
2. jemgyýetçilik ulaglarynyň ähli görnüşlerinde;
3. köpçülikleýin ýapyk binalarda.
Bu hökmany çäre mekdebe çenli çagalardan başga, ähli adamlara degişlidir.
Bellenilişi ýaly çäklendirmeleriň gowşadylmagy sebitde we dünýäde epidemiologik ýagdaýyň kadalaşmagy bilen baglydyr.
Öň Serdar Berdimuhamedowyň ilat arasynda agyz-burun örtüklerini nirelerde dakynmalygy barada düşündiriş işlerini geçirmegi görkezme berendigini habar beripdik.