Ak bugdaý etrabynyň hassahanasynyň irki ösüş otagynyň pediatr lukmany Ogulsuraý Ýazdurdyýewa «Türkmenportal» saýtynyň habarçysy bilen söhbetdeşliginde ýaş ene-atalara çagalarynyň ömrüniň birinji hepdesinde bolup geçýän tebigy fiziologiki üýtgeşmeler barada giňişleýin maslahatlary berdi.
Lukman-hünärmеniň sözlerine görä, her bir dünýä inen çaga täze gurşawa uýgunlaşmak döwrüni başdan geçirýär, bu bolsa birnäçe geçiş ýagdaýlary bilen baglanyşyklydyr. Şu aşakdaky kadaly ýagdaýlar bolan halatlarynda, asla biynjalyk bolmaly däldir:
• Deriniň ýeňil sarymtyl reňkde bolmagy (doglandan 3-14 günüň dowamynda)
• Ýüzünde deriniň biraz sypyrylmagy
• Kadaly täretiň bolmazlygy
• Ýygy-ýygydan gusmagy
• Ukusynyň kadasyz bolmagy (gije-gündiziň dowamynda 11-12 sagada çenli)
• Birinji täretiniň reňkiniň üýtgemegi
• Temperaturanyň gysga wagtlaýyn 37-37,5 gradusa çenli ýokarlanmagy
• Elleriniň we aýaklarynyň ýeňiljek sowamagy
• Elleriniň we aýaklarynyň biygtyýar hereket etmegi
«Çaganyň şular ýaly ýagdaýlarynyň tebigy bolup, lukman kömegini talap etmeýändigini unutmaly däldiris» - diýip, pediatr lukman O. Ýazdurdyýewa nygtaýar.
Emma lukman çaga ynjalyksyzlanýan bolsa, sebäpsiz aglap dursa, ýokarda agzalan alamatlaryň çäklerinden çykýan bolsa, dessine pediatr lukmana ýüz tutmagy maslahat berýär.
Ene-atalar üçin esasy maslahat bolsa – juda sabyr-takatly bolup, çaganyň täze dünýä uýgunlaşmagyna kömek edip, oňa ünsli gözegçilik etmekdir.
Şeýle hem şu tema boýunça biziň saýtymyzda ýerleşdirilen wideogepleşige tomaşa etmegi maslahat berýäris.