Soňky habarlar

Arhiw

29-njy iýunda Aşgabatda VI Hazar sammiti geçiriler

15:1022.06.2022
0
18342
29-njy iýunda Aşgabatda VI Hazar sammiti geçiriler

29-njy iýunda Aşgabatda Altynjy Hazar sammiti geçiriler. Bu barada RF-niň DIM-niň resmi wekili Mariýa Zaharowa brifingden habar berdi.

VI Hazar sammitini ilkibaşda 2021-nji ýylda geçirmek meýilleşdirilýärdi. Emma soňra ol 2022-nji ýyla süýşürildi.

Ýatlatsak, bäşinji Hazar sammiti 2018-nji ýylda Gazagystanyň Aktau şäherinde geçirildi. Ýokary derejedäki duşuşyga Russiýanyň Prezidenti Wladimir Putin, Gazagystanyň Prezidenti Nursultan Nazarbaýew, Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow, Eýranyň Prezidenti Hasan Rouhani we Azerbaýjanyň Prezidenti Ilham Aliýew gatnaşdy. Sammitiň netijeleri boýunça Hazar deňziniň hukuk derejesi hakynda resminama gol çekildi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň