Russiýada «Laskowyý maý» («Ласковый май») aýdym-saz toparynyň meşhur aýdymçysy Ýuriý Şatunow 48 ýaşynda aradan çykdy. Deslapky maglumatlara görä, artistiň ölümine ýiti ýürek ýetmezçiligi sebäp boldy. Bu barada MIR24 habar berdi.
Ýuriý Şatunow 1973-nji ýylyň 6-njy sentýabrynda Kumertau şäherinde dünýä indi. Ol ýetginjekkä «Ласковый май» toparynyň agzasy bolup, meşhurlyk gazandy. Şatunow bu toparda 1986-1991-nji ýyllar aralygynda çykyş edip, ozalky Soýuzyň ähli ýerlerinde ýaşlaryň söýüp diňleýän aýdymlaryny ýerine ýetirdi.
Olaryň arasynda iň bellileri «Ak bägüller» («Белые розы»), «Tomus» («Лето»), «Çal gije» («Седая ночь») we «Ereýän gar» («Тающий снег») atly aýdymlardyr.