Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanda açyk ýerlerde örtük dakynmak düzgüni aradan aýryldy, «Turkish Airlines» Türkmenbaşydan Stambula howa gatnawyny amala aşyrar, Toyota Highlander Hybrid awtoulagynyň satuwy başlandy we beýleki habarlar

09:5706.06.2022
0
29833

1.Türkmenistanda 2020-nji ýylyň tomsundan bäri dowam edip gelýän örtük düzgüni bölekleýin esasda aradan aýrylýar. Indi açyk ýerlerde lukmançylyk agyz-burun örtüklerini dakynmak talap edilmeýär. Gorag serişdelerini ýapyk binalarda we jemgyýetçilik ulaglarynda dakynmak talaby bolsa öňküsi ýaly dowam edýär.

2. «Turkish Airlines» Türkmenbaşydan Stambula nobatdaky ýolagçy uçuşyny ýola goýýar. Ýolagçy uçary 10-njy iýunda Stambul-Türkmenbaşy-Stambul ugry boýunça uçuş amala aşyrar.

3. Türkmenistanda täze «Toyota Highlander Hybrid» awtoulagynyň satuwy ýola goýuldy. Ýapon krossoweriniň täze kysymy bilen Oguzhan köçesiniň 7-nji jaýynda - «Garagum ulag» hojalyk jemgyýetiniň Toyota Merkezinde tanşyp bilersiňiz.

4. Türkmenistanda Aşgabat, Änew şäherlerine we Büzmeýin etrabyna sargytlary eltip bermek hyzmaty bolan täze garagum.com.tm onlaýn-marketi işe girizildi. Internet-dükanynda alyjylara azyk önümleri, gündelik himiýa we kosmetika serişdeleri, tekstil önümleri, çagalar hem-de haýwanlar üçin harytlar hödürlenýär.

5. Türkmenistanyň Içeri işler ministrligi ýurdumyzyň raýatlaryna rugsat berilmedik ýerlerden ýoly kesip geçenlere salynýan jerime tölegleriniň möçberini kagyz bildirişler arkaly ýatladýar. Täze düzgünler 11-nji maýdan güýje girdi. Ýol hereketiniň düzgünlerini bozan pyýadalara 40 manat möçberinde jerime salnar.

6. 7-10-njy iýun aralygynda Türkmenistanda 40 gradusdan hem ýokary yssy howa garaşylýar. Yssy howa akymy Hazar deňziniň we Balkan welaýatynyň çäklerinde atmosfera basyşynyň pese gaçmagy sebäpli ýüze çykar.

7. Meşhur Golliwud aktrisasy Merilin Monronyň doglan gününiň 96 ýyllygy mynasybetli onuň egin-eşikleriniň we ulanan esbaplarynyň toplumy «Golliwudyň ýyldyzlary» auksionynda köpçülige hödürlener.
Ýyldyz aktrisanyň muşdaklary Meriliniň açyk goňras ökjeli aýakgabyny, hrustal monjuklary bilen altyn gulakhalkalaryny we 1954-nji ýyldaky mýuziklde çykyş eden ajaýyp köýnegini hem-de başgabyny satyn alyp bilerler.

8. Italiýanyň «ITA Airways» awiakompaniýasynyň uçarmalary Nýu Ýork – Rim uçuşynyň dowamynda uklap galdylar. Marseliň dispetçerleri uçaryň ekipažy bilen habarlaşyp bilmediler we biraz wagtdan uçarmanlar bilen aragatnaşyk dikeldilenden soňra uçar üstünlikli ýere gondyryldy, Bu waka sebäpli uçaryň serkerdesi işden boşadyldy.

9. Futbol boýunça Aziýanyň Kubogy-2022 (23 ýaşa çenli) çempionatynyň toparlaýyn tapgyrynyň ikinji aýlawlaýyn tapgyrynda Türkmenistanyň ýaşlar ýygyndysy Eýranyň ýygyndysyndan 2:1 hasabynda üstün çykdy. Duşuşyk Daşkendiň «Bunýodkor» stadionynda geçirildi. Ýeňijileriň düzüminden Arzuwguly Sapargulyýew we Teýmur Çaryýew gol bilen tapawutlanmagy başardylar. 7-nji iýunda bolsa Türkmenistan topardan çykmak ugrunda Katar bilen güýç synanyşar.

10. Junide (Liwan) geçirilýän Aziýa çempionatynyň ikinji gününde türkmen türgenleri sport sambosy we göreş sambosy boýunça bir altyn we dört bürünç medal gazandylar. Çempionata 20-den gowrak ýurtdan toparlar gatnaşýarlar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň