Aziýanyň Kubogy-2022 futbol ýaryşynda Türkmenistan Eýranyň ýygyndysyndan üstün çykdy

21:5604.06.2022
0
16772

Aziýanyň Kubogy-2022 futbol ýaryşynyň toparlaýyn tapgyrynyň nobatdaky duşuşygynda Türkmenistanyň futbol boýunça ýaşlar milli ýygyndy topary (U23) Eýranyň ýygyndy toparyny ýeňmegi başardy. Daşkent şäheriniň «Bunýodkor» stadionynda gyzgalaňly geçen duşuşyk 2:1 hasap bilen türkmenistanly futbolçularyň peýdasyna tamamlandy.

Duşuşygyň 8-nji minutynda Alireza Bawiýehiň geçiren golundan soň eýranly futbolçylar öňe saýlanan hem bolsa, Arzuwguly Sapargulyýewiň oýnuň 28-nji minutynda 11 metrlik jerime urgusyndan geçiren goly hem-de duşuşygyň ahyrky minutlarynda, has takygy Teýmur Çaryýewiň 80-nji minutda geçiren aýgytly goly duşuşygyň ykbalyny çözdi. Şunlukda türkmen futbolçylary ýygyndynyň toparçadaky ilkinji 3 utugyny gazandylar.

Häzirlikçe geçirilen 2 oýundan soň, Türkmenistanyň ýaşlar milli ýygyndy topary «A» toparçada 2-nji orny eýeleýär. Birinji duşuşykda Türkmenistandan üstün çykan Özbegistanyň ýygyndy topary bolsa 6 utuk bilen toparçanyň başyny çekýär.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň