Täze gibrid hereketlendirijili Toyota awtoulagy indi ýapon hiline ýokary baha berýän türkmen jemgyýeti üçin hem elýeterlidir. Toyotanyň Türkmenistandaky wekilligini ýerine ýetiriji «Garagum ulag» hojalyk jemgyýeti täze gibrid tapgyr awtoulag kysmynyň satylyp başlanandygyny habar berýär. Ýapon awtoulag konserniniň täze ulagyny 2022-nji ýylyň 4-nji iýunyndan başlap satyn alyp bolar.
Awtoulagyň gibrid görnüşi adaty awtoulag kysmyndan tapawutlydyr. Adaty ulaglarda ýeke-täk adatdaky hereketlendiriji bolýan bolsa, gibrid awtoulag kysmynda ondan daşary hem goşmaça, ikinji, elektrik motor oturdylýar.
Bu awtoulag görnüşi ekologik taýdan zyýansyzlygy hem-de howa zyýanly täsir ýetirmeýänligi bilen tapawutlanýar. Onuň zyýanly galyndylary howa düşürmegi minimal dereje diýlip kesgitlenilýär we ony iň ekologik arassa ulaglaryp hataryna goşmak bolýar. Ulagyň hereketlendirijisi 2,5 litre barabardyr.
Toyota Highlander Hybrid krossoweriniň täze görnüşi bilen geljek hepdäniň bütin dowamynda Toýotanyň şu salgyda ýerleşýän dükanynda tanyş bolup bilersiňiz: Aşgabat., Oguzhan köçesi (Ozalky Aýtakow köçesi), 7-A jaýy, Toyota merkezi.
«Garagum ulag» hojalyk jemgyýeti dünýä ýüzüniň ekologiýa bilen baglanyşykly häzirki zaman tendensiýalaryna eýermek bilen, howanyň düzümine ýaramaz täsirleri ýetirmeýän, ekologik ulaglary hödürlemäge çalyşýar. Bu bolsa öz nobatynda kärhananyň alyp barýan işini tebigatyň goragyny nazarda tutup alyp barýandygyna güwä geçýär.