Turkish Airlines awiakompaniýasy Türkmenbaşydan Stambula ýörite uçar gatnawyny amala aşyrar

11:4404.06.2022
0
25822

2022-nji ýylyň 10-njy iýunynda Turkish Airlines awiakompaniýasy Stambul — Türkmenbaşy — Stambul ugry boýunça ýörite uçar gatnawyny amala aşyrmagy meýilleşdirýär. Bu barada atavatan-turkmenistan web saýtynda habar berilýär.

Soňky gezek Türkmenistandan Türkiýä ýörite uçar gatnawy 2022-nji ýylyň 27-nji maýynda amala aşyryldy.

Dünýäde ýüze çykan koronawirus pandemiýasy sebäpli Türkmenistan bilen Türkiýäniň arasyndaky yzygiderli howa gatnawlary 2020-nji ýylyň mart aýynda togtadyldy.

Belläp geçsek, iki ýyllyk arakesmeden soň «Türkmenistan» awiakompaniýasy Kazana we Dubaýa halkara howa gatnawlaryny täzeden ýola goýdy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň