Turkish Airlines awiakompaniýasy ýörite uçar gatnawyny amala aşyrar

16:4718.05.2022
0
17751

27-nji maýda Turkish Airlines awiakompaniýasy Stambul-Türkmenbaşy-Stambul ugry boýunça ýörite uçar gatnawyny amala aşyrmagy meýilleşdirýär. Bu barada atavatan-turkmenistan web saýtynda habar berilýär.

«Turkmenportal» web saýtymyzda habar berşimiz ýaly, 14-nji maýda «Türkmenistan» awiakompaniýasy Türkiýede ýaşaýan türkmen raýatlaryny Stambul-Türkmenabat ugry boýunça ýörite uçar gatnawyny amala aşyrdy. Şeýle-de, 16-njy maýda Turkish Airlines awiakompaniýasy tarapyndan Stambul — Türkmenbaşy — Stambul ugry boýunça hem ýörite uçar gatnawy ýerine ýetirildi.

Dünýäde ýüze çykan pandemiýa sebäpli girizilen çäklendirmeleriň dowamynda Türkmenistan bilen Türkiýäniň arasyndaky yzygiderli howa gatnawlarynyň 2020-nji ýylyň mart aýyndan togtadylandygyny bellemek gerek.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň