Turkmenportal logo
13.05.22
5425254252
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Türkmenistan ýörite uçar bilen Türkiýeden raýatlaryny alyp gaýdar

«Türkmenistan» awiakompaniýasy şu ýylyň 14-nji maýynda Türkiýede ýaşaýan türkmen raýatlaryny watanyna getirmek üçin Stambul — Türkmenabat ugry boýunça ýörite uçar gatnawyny amala aşyrmagy meýilleşdirýär. Bu barada atavatan-turkmenistan.com web saýtynda habar berilýär.


Stambulyň halkara howa menziliniň resmi web saýtynda berilýän maglumata görä, T5 3922 uçar gatnawy ýerli wagt bilen 04:00-da Türkmenabat şäherinde tarap ýola düşer.


Türkiýeden ýörite uçar gatnawy bilen öz watanyna getirilen türkmen raýatlary Bütindünýä saglygy goraýyş guramasynyň düzgünlerine laýyklykda, karantin çärelerini berjaý ederler.


Belläp geçsek, Türkmenistan daşary ýurtlarda ýaşaýan raýatlaryny ýörite uçar gatnawy bilen getirmegi dowam etdirýär.