Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanly samboçylar Aziýanyň çempionatynyň ikinji gününde bäş medal gazandylar

11:2004.06.2022
0
13865

Liwanyň Junýa şäherinde geçirilýän sambo boýunça Aziýa çempionaty dowam edýär. Ozal habar berşimiz ýaly, şu gün, 3-nji iýun — ýaryşyň ikinji gününde +98 kilogram agram derejesinde çykyş edýän türkmen pälwany Babajan Iwadullaýew söweş sambosy boýunça altyn medal gazandy.

Şeýle-de, şu gün 64 kilogram agramda çykyş eden Meýlis Niýazmeňliýew, 71 kilogram agramda Muhammetnyýaz Gurbandurdyýew, 79 kilogram agramda Rüstem Penjiýew, 98 kilogram agramda Çarymyrat Annagurbanow dagy bürünç medala mynasyp boldy.

Türkmenistanyň ýygyndysy Aziýa çempionatynyň ilkinji 2 gününde jemi 10 medal (2 altyn, 2 kümüş, 6 bürünç) gazandy.

Sambo boýunça Aziýa çempionaty ertir, 4-nji iýunda tamamlanar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň