Türkmenistanda täze onlaýn-market işläp başlady

09:1804.06.2022
0
24122

Aşgabat şäheriniň, Änew şäherçesiniň hem-de Büzmeýin etrabynyň ýaşaýjylary indi täze işläp başlan garagum.com.tm onlaýn-markedinden söwda edip bilerler.

Onlaýn-markediň web sahypasynda azyk önümleriniň, hojalyk himiýa we kosmetika önümleriniň, dokma harytlaryň, şeýle-de çagalar üçin niýetlenen harytlaryň dürli görnüşleri hödürlenýär.

Bu ýerde ähli harytlar bölümçeler boýunça tapawutlandyrylandyr. Bu bolsa özüňe gerek bolan zady tiz saýlamakda ýeňilligi döredýär. Her bir haryt öz suraty hem-de kesgitlenen bahasy bilen görkezilýär.

Dükanda sargytlar günüň islendik wagtynda kabul edilýär we olar Aşgabadyň, Änewiň hem-de Büzmeýiniň islendik ýerlerine tiz eltilip berilýär.

Haryt satyn alnanda edilen söwdanyň möçberi 150 manatdan geçse, eltip bermek hyzmaty tölegsizdir. Söwdanyň tölegini bolsa nagt hem-de bank karty arkaly töläp bolýar.

Onlaýn-market dürli hili harytlary üçin hepdelik ýa-da aýlyk arzanladyş çärelerini geçirmek bilen, hasaba alynýan alyjylar üçin şahsy hasabyna ýeňillikli bonuslary toplap, amatly söwda etmek mümkinçiligini hem döredýär.

Garagum.com.tm saýtyny türkmen we rus dillerinde peýdalanmak bolýar.

Söwdany has amatly amala aşyrmak üçin Android operasion ulgamly smartfonlar üçin Google Play internet dükanyndan ykjam goşundysyny ýükläp alyp bilersiňiz. Ýakyn wagtda bolsa goşundy AppStore internet dükanynda hem elýeterli bolar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň