Turkmenportal logo
03.06.22
31383138
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Nýu-Ýork — Rim aralygyna uçuş wagty uçarmanlaryň ikisi-de uklady
Surat: agimmigration.law

MIR24 saýtynyň habaryna görä, ITA Airways italýan awiakompaniýasynyň uçarmanlary çynlakaý hünär ýalňyşlygyna ýol berdiler. Ýagny Airways Magazine neşiriniň ýazmagyna görä, Nýu-Ýork — Rim aralygyna uçuş wagty uçaryň komandiri we ikinji uçarman Fransiýanyň üstünden barylýarka uklady.


Marsel şäheriniň dispetçerleri uçaryň ekipažy bilen her näçe aragatnaşyga çykjak bolsalar-da, başartmandyr. Ýerli häkimiýetler ýagdaýy anyklamak üçin tas asmana iki sany harby uçary uçuran ekenler.


Emma ähli zat şowly tamamlandy: ekipažyň agzalary ukudaka, uçuş awtouçarmanda dolandyrylypdyr. Uçar sag-aman ýere gonupdyr, howa gämisiniň komandiri-de howpsuzlyk düzgünlerini bozandygy üçin işden boşadylypdyr.