Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanda açyk ýerlerde örtük dakynmak düzgüni ýatyryldy

20:4604.06.2022
0
68193

Häzirki günlerde Türkmenistanda lukmançylyk agyz-burun örtügini dakynmak düzgüni bölekleýin ýatyrylýar. Açyk ýerlerde örtük dakynmak düzgüniniň ýatyrylýandygy barada Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi milli teleýaýlym arkaly habar berýär.

Mundan beýläk lukmançylyk agyz-burun örtüklerini ulaglaryň ähli görnüşlerinde we ýapyk binalarda dakynmak maslahat berilýär.

Şu ýylyň 6-nji maýynda sanly ulgam arkaly geçirilen Ministrler Kabinetiniň mejlisiniň dowamynda wise-premýer S.Toýlyýew Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň Döwlet arassaçylyk we keselleriň ýaýramagyna garşy göreşmek gullugynyň hünärmenleriniň dünýäde pandemiýa bilen bagly ýagdaýlaryň peselip başlandygy we köp döwletlerde öňüni alyş çäreleriniň tapgyrlaýyn gowşadylandygy barada Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasynyň maglumatlaryny we köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň täzeliklerini düýpli öwrenýändigini, şolar bilen baglylykda, şu ýylyň iýun aýyndan başlap, ulaglaryň ähli görnüşlerinden we ýapyk binalardan başga ýerlerde agyz-burun örtüklerini aýyrmagy teklip edýändikleri barada Türkmenistanyň Prezidentine hasabat berdi.

Döwlet Baştutany wise-premýeriň teklibini makullap, halkyň saglygyny we abadançylygyny üpjün etmek maksady bilen, zerur bolan öňüni alyş çärelerini geçirmek arkaly bu ugurda alnyp barylýan işleri dowam etmegiň wajypdygyny belledi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň