Türkmenistanda sülçüler şübhelenilýänleri wideoaragatnaşyk arkaly sorag edip bilerler, Aşgabatda BAE-niň aradan çykan Prezidentini hatyralap sadaka berler, türkmenistanly dzýudoçylar Almatyda geçirilen halkara bäsleşiginde ýeňiji boldular

10:1717.05.2022
0
22832

1. Türkmenistanyň Jenaýat iş ýörediş Kodeksine sorag etmek işi alnyp barlanda sanly wideoaragatnaşyk ulgamyny ulanmak bilen baglanyşykly goşmaçalar girizildi. Ýagny 252-nji madda "Sorag geçirmegiň umumy düzgünleri" 2521-nji "Sanly wideoaragatnaşyk ulgamyny ulanmak arkaly sorag etmegiň, ýüzleşdirmegiň, tanamak üçin şahsyýetiň görkezilmeginiň aýratynlyklary" maddasy goşuldy.

2. Lebap welaýatynyň Magdanly şäherinde «Türkmenbaşy» paýdarlar täjirçilik bankynyň täze şahamçasy açylyp ulanylmaga berildi. Bankyň iki gatdan ybarat döwrebap binasy Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Türkmenistanyň Döwlet baýdagynyň gününiň öňüsyrasynda açylandygyny bellemek gerek. Müşderiler üçin ähli amatlyklar döredilen, iň kämil tehnologik enjamlar bilen üpjün edilen bankyň täze binasynda 4 bölüm - karz pul, hasaplaşyk, kassa amallary we hojalyk bölümleri hereket eder.

3. Birleşen Arap Emirlikleriniň aradan çykan Prezidenti şeýh Halifa bin Zaýed Al Nahaýany hatyralap Anna güni Türkmenistanyň paýtagtynda sadaka berler.

4. Aşgabatdaky ÝHHG Merkezi okuw assistenti (Training Assistant) we sürüjilik iş orunlarynyň açylandygyny habar berdi. Işe geçmek üçin arzalar 3-nji iýuna çenli kabul ediler.

5. A.S. Puşkin adyndaky Döwlet rus drama teatry maý aýy üçin täzelenen repertuarlaryny mälim etdi. Meýilnamada çagalar üçin dört sany we ulular üçin sekiz sany sahna eseri göz öňünde tutulypdyr.

6. Tomusky dynç alyş möwsüminde çagalaryňyz bilen wagtyňyzy hoş geçirmek barada pikirlenýärsiňizmi? Ýörite siziň üçin Turkmenportal Türkmenistanyň adaty bolmadyk tebigy we taryhy täsinliklerini bir makalada jemledi. Makala bilen Turkmenportal web saýtymyzda tanyşyp bilersiňiz.

7. Türkmenistanly dzýudoçylar Gazagystanda dzýudo boýunça Aziýanyň Kubogyny almak ugrunda kadetleriň arasynda geçirilen halkara bäsleşiginde iki altyn we kümüş medala mynasyp boldular. Bäsleşik 13-14-nji maý aralygynda Almatyda Beket Mahmutowyň ýagty ýadigärligine bagyşlanyp geçirildi.

8. Futbol boýunça Türkmenistanyň ýetginjekler ýygyndysy Aziýanyň Kubogy-2022-niň öňüsyrasynda Antalýada türgenleşik üçin ýygnanar. Bäsleşik 1-19-njy iýun aralygynda Özbegistanda geçiriler. Tälimçi Ahmet Agamyradowyň ýolbaşçylygynda futbol boýunça Türkmenistanyň ýetginjekler ýygyndysy ilkinji gezek Aziýanyň ýeňijisi bolmak ugrundaky bäsleşigiň final tapgyryna çykdy.

9. Aşgabatda Türkmenistanyň gimnastika federasiýasynyň döredilmeginiň on ýyllygy bellenildi. Şanly waka mynasybetli Nebitgaz toplumynyň medeni-işewürlik merkeziniň mejlisler zalynda gala-konsert geçirildi. Ýubileý baýramçylygyny gutlamak üçin bu ýere paýtagtyň tanymal şahsyýetleri, okuwçylar we olaryň ene-atalary, žurnalistler we bu ajaýyp sportuň muşdaklary ýygnandylar.

10. “Euronext” biržasynda düýn, 16-njy maýdaky söwdalaşyklarda bugdaýyň nyrhy taryhy rekord goýdy diýip, TASS habar berdi.
Söwdalaşyklaryň ýapylmagynyň öňýany bir tonna bugdaýyň bahasy 438,25 ýewro deň boldy. Öňki iň ýokary nyrh iki aý mundan öň, bir tonna üçin 422,5 ýewro möçberinde hasaba alnypdy.

11. Yrakda güýçli çäge tupany üç sany aeroportuň ýapylmagyna sebäp boldy. Tebigy betbagtçylyk zerarly iki müň adam ejir çekdi, mekdeplerde synaglar goýbolsun edildi, döwlet edaralarynda bolsa meýilleşdirilmedik dynç güni yglan edildi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň