Ýewropada howpsuzlyk we hyzmatdaşlyk guramasynyň Aşgabatdaky merkezi öwretmek boýunça kömekçi (Training Assistant) hem-de sürüji wezipeleri üçin boş iş orunlarynyň yglan edilýändigini habar berýär.
Sürüji iş orny üçin şu hili talaplar bildirilýär:
- B derejeli sürüjilik şahadatnamasy bolmaly we ýerli ýol hereketiniň kadalaryny, sürüjilikden ýeterlik baş çykarmaly;
- Azyndan 2 ýyllyk sürüjilik tejribesi bolmaly, ulagy howpsuz dolandyrmagy başarmaly;
- Ulag serişdesiniň kiçi göwrümli bejeriş işlerinden baş çykarmaly, ulagy uzak wagtlap dolandyrmagy başarmaly, bagažy galdyrmak we şonuň ýaly uly zähmeti talap etmeýän işleri ýerine ýetirip bilmeli;
- Ýerli dili oňat bilmek bilen birlikde iňlis dilini hem ýeterlik derejede bilmek;
- Dürli medeniýetli we dürli dine uýýan adamlar bilen, şeýle-de dürli syýasy garaýyşly hünärmenler toparynda obýektiw iş alyp barmak ukyby.
Iş orny barada has giňişleýin gyzyklanmak üçin salgylanma girip bilersiňiz.
Öwretmek boýunça kömekçi iş ornuna bildirilýän talaplar:
- Ofis dolandyryşynda we taslamalar bilen işlemekde, hususan-da halkara guramasy bilen işleşmekde azyndan 4 ýyllyk iş tejribesi bolan bolmaly;
- Microsoft programmalarynda amaly işleri alyp barmak bilen bagly kompýuter sowatlylygynyň bolmagy;
- Türkmen, rus we iňlis dillerinde ýeterlik derejede ýazuw hem-de sözleýiş başarnygynyň bolmagy;
- Dürli medeniýetli we dürli dine uýýan adamlar bilen, şeýle-de dürli syýasy garaýyşly hünärmenler toparynda obýektiw iş alyp barmak ukyby.
Iş orny barada has giňişleýin gyzyklanmak üçin salgylanma girip bilersiňiz.
Boş iş orunlary üçin arzalar 3-nji iýuna çenli kabul edilýär.