Arhiw

Türkmen dzýudoçylary Aziýanyň kubogynda üç medal gazandylar – olaryň ikisi altyn

16:2916.05.2022
0
7479

Türkmenistanly dzýudoçylar ýakynda Gazagystanyň Almaty şäherinde ýetginjekleriň we ýaşlaryň arasynda geçirilen Aziýanyň kubogy ugrundaky ýaryşdan medallaryň üçüsi bilen dolandylar. Olaryň ikisi altyn, biri bolsa kümüş medaldyr.

Has takygy, oglanlaryň arasynda 50 kilograma çenli agram derejesinde ýaryşan Aşgabat şäherindäki «Olimp» sport mekdebiniň 10-njy synp okuwçysy Mekan Ramazanow yklym ýaryşyndaky ähli bäsdeşlerinden saýlanyp, Watanymyza altyn medal bilen dolandy. Edil şeýle üstünligi Köýtendag etrabynyň Garnas geňeşliginde ýerleşýän 20-nji mekdebiniň 10-njy synp okuwçysy Maýsa Pardaýewa hem gazandy. Gazagystandan Türkmenistana Aziýanyň çempiony bolup dolanan ezber türgen 57 kilograma çenli agram derejesinde ýaryşdy.

Türkmenistanyň ýygyndysyndan kümüş medaly Türkmenabat şäherindäki 13-nji orta mekdebiň 10-njy synp okuwçysy Kurbanaý Kurbanowa eýeledi. 44 kilograma çenli agram derejesinde ýaryşan ildeşimiz final tutluşygyndan galan ähli tutluşyklarda garşydaşlaryndan üstün çykdy.

Ýeri gelende aýtsak, Aziýanyň kubogy ugrundaky ýaryşa yklymyň alty döwletinden 270 türgen gatnaşdy. Şolaryň 13-si türkmenistanly dzýudoçylardyr.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň