Arhiw

Magdanlyda Türkmenistanyň «Türkmenbaşy» PTB-niň şahamçasy açyldy

15:3316.05.2022
0
2970
Magdanlyda Türkmenistanyň «Türkmenbaşy» PTB-niň şahamçasy açyldy

Lebap welaýatynyň Magdanly şäherinde Türkmenistanyň «Türkmenbaşy» paýdarlar täjirçilik bankynyň täze şahamçasy açylyp ulanylmaga berildi. Bankyň iki gatdan ybarat döwrebap binasy Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Türkmenistanyň Döwlet baýdagynyň gününiň öňüsyrasynda açylandygyny bellemek gerek.

«Türkmenistan: Altyn asyr» web saýtynyň habar bermegine görä, täze açylan bina Türkmenabat şäheriniň «Demirbetonkonstruksiýa» kärhanasynyň gurluşykçylary tarapyndan guruldy. Müşderiler üçin ähli amatlyklar döredilen, iň kämil tehnologik enjamlar bilen üpjün edilen bankyň täze binasynda 4 bölüm - karz pul, hasaplaşyk, kassa amallary we hojalyk bölümleri hereket eder.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň