Turkmenportal logo
17.05.22
14651465
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Bugdaýyň bahasy Ýewropada rekord derejede gymmatlady
Surat: hightech.fm

“Euronext” biržasynda düýn, 16-njy maýdaky söwdalaşyklarda bugdaýyň nyrhy taryhy rekord goýdy diýip, TASS habar berdi.


Söwdalaşyklaryň ýapylmagynyň öňýany bir tonna bugdaýyň bahasy 438,25 ýewro deň boldy. Öňki iň ýokary nyrh iki aý mundan öň, bir tonna üçin 422,5 ýewro möçberinde hasaba alnypdy.


Bilermenler nyrhlaryň ýokarlanmagyny 14-nji maýda Hindistanyň bugdaýyň eksportyna gadaganlyk girizmegi bilen baglaýarlar.