Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistan daşary ýurtlarda ýaşaýan raýatlarynyň daşary ýurt pasportlarynyň möhletini uzaltdy, «Türkmenistan» Tatarystandaky raýatlaryny Türkmenistana getirer, Şamuhammet Durdylyýew «Ahal-sitiniň» häkimi wezipesine bellenildi we beýleki täzelikler

09:5829.04.2022
0
24737

1. Türkmenistanyň Prezidentiniň gol çeken Kararyna laýyklykda, daşary ýurt döwletlerinde wagtlaýyn bolýan ýa-da hemişelik ýaşaýan Türkmenistanyň raýatlarynyň hereket ediş möhletleri 2023-nji ýylyň 1-nji ýanwary — 2024-nji ýylyň 30-njy dekabry aralygynda tamamlanýan Türkmenistanyň raýatlarynyň Türkmenistandan gitmek we Türkmenistana gelmek üçin pasportlarynyň hereket ediş möhletleri 2024-nji ýylyň 31-nji dekabryna çenli uzaldyldy.

2. Kazan-Türkmenabat ugry boýunça «Türkmenistan» awiakompaniýasynyň nobatdaky ýörite uçuşy 1-nji maýa meýilleşdirildi. T5 736 belgili gatnaw A1 terminalyndan ýerli wagt bilen 16:30-da uçar.

3. Şamuhammet Durdylyýew täze döwrebap şäheriň — Ahal welaýatynyň dolandyryş merkeziniň häkimi wezipesine bellenildi. «Ahal-siti» Aşgabatdan 30 kilometr günorta-günbatarda gurulýar. Şäheriň birinji tapgyry dekabrda — Halkara Bitaraplyk gününe tamamlanmaly.

4. «Türkmentelekom» DEAK 2022-nji ýylyň 1-nji maýyndan täze hyzmaty — fiziki serweri (dedicated server) kärendesine bermek hyzmatyny işe girizýär. Kärendäniň bahasy aýyna 1958-den 4885 TMT çenli üýtgäp bilýär. Bahalar saýlanan kompýuteriň ölçeglerine laýyklykda üýtgeýär.

5. 2022-nji ýylyň 17-27-nji dekabrynda Türkmenistanda ilatyň we ýaşaýyş jaý gaznasynyň ýazuwy geçiriler. Ýurduň hökümetine ilat ýazuwyna taýýarlyk görmeklige ýardam etmek üçin Türkmenistana BMG-niň bilermenler wekiliýeti geldi.

6. Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetinde matematika dersi boýunça Açyk olimpiada – OMOUS-2022 başlandy. Intellektual bäsleşige dünýäniň 42 ýurdundan 700-den gowrak talyp güýjüni synaýar. Bäsleşik maksatnamasynda ýekeleýin we toparlaýyn çykyşlar göz öňüne tutulyp, onuň jemlerini 30-njy aprelde jemlemek meýilleşdirilýär.

7. Tatarystanyň paýtagtyndaky «UNIKS» medeni-sport toplumynda her ýylda geçirilýän «Talyp bahary-2022» festiwalynyň gala-konserti geçirildi. Çäräni guramak we geçirmek işlerine türkmenistanly talyplar hem gatnaşdy. Dabaraly konsertiň barşynda solist Begenç Gylyjowyň we «Dostluk» tans toparynyň bilelikdäki çykyşy çäräniň özboluşly bezegine öwrüldi.

1. NASA amerikan kosmos agentliginiň beýan etmegine görä, 28-nji aprelde Ýere howply ýakynlykda asteroid uçup geçer. Golaýlaşyp gelýän asman jisiminiň ululygy 350-den 780 metr diametre ýetýär, bu bolsa Empaýr-steýt-bilding binasyndan iki esse uludyr. Emma mümkin bolan howply asteroid derejesine garamazdan, çaknyşmak howpy ýok.

2. Gazagystanly pälwan agramy 20 tonnalyk uçary süýremegi başardy. Almataly Almat Jumanow nobatdaky gezek milli rekordlar kitabyna girmegi başardy. Ondan öň, türgen 109 tonnalyk otlyny çekdi we üç ýüz kilogramlyk düýäni egninden göterdi.

3. Fransiýaly Andre häzirki wagtda dünýäde ýaşap ýören adamlaryň arasynda iň uly ýaşly adam derejesini aldy. Ol 1904-nji ýylyň 11-nji fewralynda dünýä indi we 29-njy aprelde oňa 118 ýaş 77 gün bolýar. Andre iki jahan urşuny gördi we iki sany ählumumy pandemiýany başdan geçirdi.

1. Gonkongyň «Kitçi» futbol toparynyň türkmen ýarymgoragçysy Ruslan Mingazow AFK Çempionlar ligasynyň toparlaýyn tapgyrynda Tailandyň «Çiangraý Ýunaýted» kluby bilen duşuşygynyň iň gowy oýunçysy diýlip yglan edildi. Duşuşyk «Kitçiniň» peýdasyna 3:2 hasabynda tamamlandy, Mingazow bir ýardam pasyny etdi.

2. Aşgabatda ýaýdan ok atmak boýunça çempionat geçirildi. Ýaryş Sportuň gyşky görnüşleri sport toplumynda geçirildi. Ýaryşa 76 sany türgen gatnaşyp, olar nusgawy we bloklaýyn ýaýdan 18 metrden nyşana ok atmakda ýaryşdylar.

3. Tatarystan Respublikasynda woleýbol boýunça Talyplar sport ligasynyň finaly geçirildi. Jemleýji duşuşykda Kazan uniwersitetiniň Ýelabužsk institutynyň türkmen talyplarynyň «Magtymguly Pyragy» topary ýeňiş gazandy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň