Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Durdylyýew Ahal welaýatynyň täze edara ediş merkeziniň şäheriniň häkimi wezipesine bellenildi

22:2128.04.2022
0
21184

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň gol çeken Permanyna laýyklykda Şamuhammet Durdylyýew Ahal welaýatynyň täze, döwrebap edara ediş merkeziniň şäheriniň häkimi wezipesine bellenildi. Bu barada «Watan» habarlar gepleşiginde habar berildi.

Ahal welaýatynyň täze, döwrebap edara ediş merkezi Aşgabatdan 30 kilometr günorta-günbatarda gurulýar. Taslamanyň bahasy 1,5 milliard amerikan dollaryna barabardyr.

Belläp geçsek, Şamuhammet Durdylyýew hünäri boýunça gurluşyk inženeri bolmak bilen, gurluşyk ulgamyna degişli dürli wezipelerde işledi. Ol Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary we Aşgabat şäheriniň häkimi ýaly dürli wezipeleri alyp bardy. Ol 2021-nji ýylyň iýulynda «Aşgabat-siti» gurluşyk kärhanalarynyň direksiýasynyň ýolbaşçysy wezipesine bellenipdi

Şeýle-de okaň:

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň