Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanyň Prezidenti Ahal welaýatynyň merkeziniň gurluşygy boýunça döwlet komitetini döretdi

21:3328.04.2022
0
5386

Ahal welaýatynyň täze, döwrebap edara ediş merkeziniň ýokary hilli gurlup ulanmaga berilmegini üpjün etmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Permana gol çekdi. Resminama laýyklykda, Ahal welaýatynyň merkeziniň gurluşygy boýunça döwlet komiteti döredildi. Bu barada «Watan» habarlar gepleşiginde habar berilýär.

Resminama laýyklykda, Ahal welaýatynyň merkeziniň gurluşygy boýunça döwlet komitetine Türkmenistanyň Adalat ministrligi we beýleki degişli ministrlikler bilen bilelikde Ahal welaýatynyň merkeziniň gurluşygy boýunça döwlet komiteti hakyndaky Düzgünnamanyň, komitetiň merkezi edarasynyň gurluşynyň taslamalaryny, komitetiň ýolbaşçylarynyň aýlyk zähmet haklarynyň möçberini, komitetiň merkezi edarasynyň işgär sanynyň möçberini we degişli üýtgetmeleri hem-de goşmaçalary Türkmenistanyň kanunçylygyna girizmek baradaky teklipleri taýýarlamak hem-de Türkmenistanyň Ministrler Kabinetine bermek tabşyryldy.

Sebitde iň iri we ägirt uly ähmiýeti bolan bu taslamany iki tapgyrda durmuşa geçirmek meýilleşdirildi. Şäher düzümi durmuş we beýleki maksatly desgalaryň toplumyny özünde jemleýär. Olaryň hatarynda ýaşaýyş jaýlary, çagalar baglary, mekdepler we beýleki ýöriteleşdirilen okuw jaýlary, saglygy goraýyş, medeniýet, söwda we hyzmatlar ulgamyna degişli edaralar, sport desgalary, edara binalary, şeýle hem ulag-aragatnaşyk we inženerçilik-tehniki ulgamlara degişli desgalar bar. Täze welaýat merkezinde sanly ulgam hem-de öňdebaryjy maglumat-kommunikasiýa tehnologiýasy ornaşdyrylar.

Bu innowasion taslamany amala aşyrmakda Türkmenistanda ýaýbaňlandyrylan toplumlaýyn şähergurluşyk maksatnamasynyň esasy ölçegleri öz beýanyny tapýar. Şol maksatnamada dünýäniň hem-de ýurduň öňdebaryjy tejribesini işjeň ulanmaga, täsin we özboluşly binagärlik hem-de inžener-tehniki çözgütlere, milli binagärligiň iň gowy däplerine aýratyn üns berilýär. Şonuň bilen birlikde adamlaryň abadançylygynyň we sagdynlygynyň möhüm şerti hökmünde ekologik ugra uly ähmiýet berilýär. Täze welaýat merkezinde 12 müň 324 maşgala niýetlenen 2, 5, 7 we 9 gatly ýaşaýyş jaýlary gurlar.

Ahal welaýatynyň täze, döwrebap edara ediş merkezinde gurluşyk işleriniň hususy kärhanalar — Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalary tarapyndan ýerine ýetirilýändigini bellemek ýerlikli bolar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň