Tatarystanyň paýtagtyndaky «UNIKS» medeni-sport toplumynda her ýylda yzygiderli geçirilýän «Студенческая весна КФУ – 2022» festiwalynyň gala-konserti guraldy.
Bu çäräni guramaga we geçirmäge Kazan Federal uniwersitetiniň Filologiýa we medeni aragatnaşyklar institutynyň türkmenistanly talyplary gatnaşdylar. Bu barada Türkmenistanyň Kazan şäherindäki Baş konsullygynyň metbugat gullugynda habar berilýär.
Giň gerimde geçirilen konsertiň dowamynda aýdymçy Begenç Gylyjowyň «Dostluk» tans topary bilen ýerine ýetiren çykyşy çäräniň bezegine öwrülmek bilen, onuň KFU-nyň guran festiwalynyň baş baýragyna eýe bolmagyna getirdi.
«Türkmenistanyň Russiýa Federasiýasyndaky Baş konsullygy (Kazan ş.) öz nobatynda türkmen talyplaryny hemmetaraplaýyn goldamakda, olary zerur sport we milli egin-eşikler we beýleki zatlar bilen üpjün etmekde giňden ýardam berýär» – diýlip habarda bellenilýär.