Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

NASA Ýere howply asteroidiň ýakynlaşýandygyny habar berýär

12:3328.04.2022
0
8560
NASA Ýere howply asteroidiň ýakynlaşýandygyny habar berýär
Surat: vokrugsveta.ru

NASA-nyň habar bermegine görä, 28-nji aprelde Ýere 418135 belgili ady nämälim bolan howply asteroidiň ýakynlaşýandygy bellenilýär. Golaýlaýan asman jisiminiň göwrüminiň diametri takmynan 350 — 780 metr bolup, Empaýr-steýt-bilding binasy bilen deňeşdirilende iki esse uludyr – diýip, vokrugsveta.ru saýty habar berýär.

Asteroidiň Ýere salyp biljek howply derejede bolmagyna garamazdan, onuň çaknyşmak mümkinçiliginiň ýoklugy bellenilýär. Alymlar 418135 belgili asteroidiň aýdan hem sekiz esse uzakdan geçjekdigini aýdýarlar. diýlip Ýere azyndan 7,5 million kilometr araçäkde golaý gelýän asman jisimleri has howply jisimler hasap edilýär. Şeýle-de 418135 belgili jisim ýakyn günlerde Ýere golaýlajak howply jisimleriň hatarynda iň ulusy däldir.

9-njy maýda bolsa astronomlar Ýere diametri 860 metr bolan 467460 belgili asteroidiň ýakynlaýandygyny belleýärler.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň