Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetinde matemartika dersi boýunça ikinji Açyk halkara olimpiada (OMOUS-2022) geçirilip başlandy. HYY we ÖU halkara bäsleşigiň türkmen we iňlis dillerinde wideoaragatnaşyk arkaly onlaýn geçirilýändigini habar berýär.
Matematika boýunça geçirilýän bäsleşik edil garaşylyşy ýaly, iň ökdeleri saýlap-seçmek üçin zehinli dalaşgärleri özünde jemledi. Oňa gatnaşýan 42 ýurtdan bolan toparlar boýunça 700-den gowrak talyp güýjüni synaýar.
Bäsleşigiň maksatnamasynda ýekeleýin we toparlaýyn çykyşlar göz öňüne tutulyp, olarda has tapawutlanan talyplar 30-njy aprelde jemlenjek netijeler boýunça mälim ediler.
Belläp geçsek, HYY we ÖU-da talyplaryň arasynda geçirilýän bu bäsleşik eýýäm birinji gezek däldir. Mysal üçin, geçen ýylda guralan şu hili OMOUS-2021 bäsleşiginiň çäklerinde dünýäniň 17 ýurdunyň 84 ýokary okuw mekdebinden 600 töweregi talyp gatnaşdy.