Turkmenportal logo
28.04.2022
94789478
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Türkmen talyplary Tatarystanda geçen woleýbol ýaryşynda ýeňiş gazandylar

Tatarystan Respublikasynda woleýbol boýunça Talyplaryň sport ligasynyň final tapgyry geçirildi. Ýaryşyň jemleýji duşuşygynda Kazan uniwersitetiniň (KDU-nyň ÝI) Ýelabuga institutynyň (Priwolžsk) türkmen talyplarynyň «Magtymguly Pyragy» woleýbol topary ýeňiş gazandy. Bu barada Türkmenistanyň Kazandaky Baş konsullygynyň metbugat gullugy habar berýär.


Bellenilişi ýaly, köp günläp dowam eden woleýbol ligasynda KDU-nyň ÝI ýokary okuw mekdebiniň bütinleý türkmen talyplaryndan düzülen woleýbol topary ýaryşda hiç bir topardan ýeňilmändir.