2022-nji ýylyň 1-nji maýyndan «Türkmentelekom» elektrik aragatnaşyk kompaniýasy täze hyzmaty — bölünip berlen serwer üçin (Dedicated server) täze nyrhnamany ýola goýýar. Bu barada elektrik aragatnaşyk kompaniýasynyň web saýtynda habar berilýär.
Bölünip berlen serweri ulanmak agramly taslamalary, şeýle hem zerurlygyňa görä çeýe düzülýän köp sanly sahypany ýerleşdirmegiň amatly we tygşytly usulydyr. Hyzmatyň çäklerinde ýöriteleşdirilen maglumat merkezinde ýerleşýän saýlanan konfigurasiýanyň aýratyn fiziki serweri üpjün edilýär.
«Bölünip berlen serweriň bahasy bir aýyna 1958 TMT-den 4885 TMT-e çenli aralykda bolup, ol ulanýan kompýuteriňiziň gurluşyna-da baglydyr. Maglumat merkezimizde dürli prosessorlar, RAM we HDD / SSD ýükleýjileri, şeýle hem IP salgylary bolan onlarça serwer ýerleşýär» – diýlip, «Telekomyň» habarynda beýan edilýär.
Bulardan başga-da, bellenilişi ýaly kompaniýanyň müşderileri serweriň programma we enjamlaýyn komponentlerini dolandyrmaga doly administratiw mümkinçilik alarlar.
Bölünip berlen serweri kärendesine almagyň esasy artykmaçlyklary hökmünde şulary görkezmek bolar:
- Gymmat baha durýan enjam üçin, hyzmat edýän personal hem-de serwer ýeriniň enjamlary üçin çykdajylaryň bolmazlygy;
- Köp gezeklik ätiýaçlandyrma bilen maglumatlaryň ygtybarly saklanylmagy;
- Wirtual serweriň 24x7 tertibinde işlemegi;
- Tehniki goldaw;
- Fiziki serwere mümkinçiligiň bolmagy;
- Wirtual serweriň kuwwatlylygyny ýokarlandyrmak mümkinçiliginiň bolmagy.