Soňky habarlar

Arhiw

Serdar Berdimuhamedow daşary ýurtlarda ýaşaýan Türkmenistanyň raýatlarynyň daşary ýurt pasportlarynyň möhletini uzaltdy

21:2728.04.2022
0
29609

Prezident Serdar Berdimuhamedow degişli Karara gol çekmek bilen daşary ýurtlarda ýaşaýan Türkmenistanyň raýatlarynyň daşary ýurt pasportlarynyň möhletini uzaltdy. Bu barada «Watan habarlar gepleşiginde habar berilýär.

Resminama laýyklykda, daşary ýurt döwletlerinde wagtlaýyn bolýan ýa-da hemişelik ýaşaýan Türkmenistanyň raýatlarynyň hereket ediş möhletleri 2023-nji ýylyň 1-nji ýanwary — 2024-nji ýylyň 30-njy dekabry aralygynda tamamlanýan Türkmenistanyň raýatlarynyň Türkmenistandan gitmek we Türkmenistana gelmek üçin pasportlarynyň hereket ediş möhletleri 2024-nji ýylyň 31-nji dekabryna çenli uzaldyldy.

Degişli Karara dünýäde ýüze çykan ýiti ýokanç keseliň pandemiýasy bilen bagly halkara gatnawlara girizilen çäklendirmeleriň netijesinde, häzirki wagtda daşary ýurt döwletlerinde wagtlaýyn bolýan ýa-da hemişelik ýaşaýan Türkmenistanyň raýatlarynyň hukuklaryny we kanuny bähbitlerini goramak maksady bilen, şeýle hem «Migrasiýa hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň 29-njy maddasyna laýyklykda gol çekildi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň