Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanyň Mejlisiniň täze başlygy saýlanyldy, Russiýa Türkmenistanda öz ilçisini çalyşdy, Gazagystan we Türkmenistan döwlet serhedinden geçmegiň tertibi barada ylalaşdylar we beýleki habarlar

09:3107.04.2023
0
40275

Türkmenistanda

1. 6-njy aprelde penşenbe güni geçirilen Türkmenistanyň Mejlisiniň ýedinji çagyrylyşynyň birinji maslahatynda Dünýägözel Gulmanowa Mejlisiň Başlyklygyna saýlandy. 125 deputatyň ählisi onuň kandidaturasyna biragyzdan ses berdiler. Gahryman Rozyýew Mejlisiň Başlygynyň orunbasary wezipesine saýlanyldy.

2. Russiýanyň Prezidenti Wladimir Putin Iwan Wolynkini RF-niň Türkmenistandaky ilçisi wezipesine belledi. Prezident başga bir Perman bilen Aleksandr Blohini Russiýa Federasiýasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we doly ygtyýarly ilçisi wezipesinden boşatdy, ol 2011-nji ýyldan bäri ilçihana ýolbaşçylyk edip gelýärdi. Iwan Wolynkin ozal Russiýanyň Daşary işler ministrliginiň konsullyk bölüminiň müdiri wezipesini eýeleýärdi. 60 ýaşly diplomat 1981-nji ýylda Moskwanyň döwlat halkara gatnaşyklary institutyny (MGIMO-ny) tamamlady we şondan bäri Daşary işler ministrligi ulgamynda zähmet çekýär.

3. Mažilisiň deputatlary Gazagystan bilen Türkmenistanyň hökümetleriniň arasynda Gazagystan-Türkmen döwlet serhediniň tertibi baradaky Ylalaşygy tassykladylar. Resminamada Gazagystan-Türkmen döwlet serhedinde döwlet serhediniň kesgitlenen böleginde we serhet zolaklarynda hereket edýän düzgünleri kesgitlemek arkaly tertibiň döredilmegi berkidilýär. Şonuň bilen bir hatarda, resminama Gazagystan-Türkmen döwlet serhediniň düzümini, adamlar we ulag serişdeleri üçin serhetden geçmegiň, şeýle hem ondan harytlary we beýleki emläkleri geçirmegiň tertibini kesgitleýär.

4. 2023-nji ýylyň ýanwar aýynda Türkiýe Türkmenistandan 12 896 tonna deňiz ýangyjyny import etdi. Bu görkeziji görkezilen döwürde türk nebit önümleriniň umumy importynyň 0,37%-ine deňdir. Türkiýäniň Energetika bazaryny düzgünleşdirmek müdirliginiň berýän maglumatlaryna görä, 2022-nji ýylyň dekabrynda Türkiýe Türkmenistandan 9 182 tonna deňiz ýangyjyny import etdi.

5. Astrahan oblastynyň gubernatory Igor Babuşkin «Hazar – dostluk deňzi» motoýörişiniň çäklerinde Türkmenistana saparynyň dowamynda Prezident Serdar Berdimuhamedowa «Türkmenistan» awiakompaniýasy tarapyndan Astrahan bilen Türkmenbaşynyň arasynda göni dowamly howa gatnawlaryny açmak mümkinçiligine garamagy teklip etdi. Şeýle hem Babuşkin Hazar deňzinde işlemek üçin gurlan «Beýik Pýotr» («Pýotr Welikiý») syýahatçylyk gämisiniň ýakyn wagtda Astrahanda suwa goýberiljekdigi döwlet Baştutanyna habar berdi.

Dünýäde

6. Kanadanyň Kwebek we Ontario welaýatlarynda buzly ýagyş we güýçli şemal sebäpli, takmynan, bir million adam elektriksiz galdy. Buzly ýagyş diýlip, howanyň temperaturasynyň minus derejä düşen wagty ýagýan ýagşa aýdylýar. Ýagyş bulutlarynyň suwy ýere ýetip, doňýar we ähli ýerde, şol sanda agaç şahalarynda we elektrik geçirijilerinde buz örtügini emele getirýär. Buz gatlagynyň agyrlygy sebäpli köpýyllyk agaçlar döwülýärler, simler bolsa üzülýär. Ýaramaz howa sebäpli sebitde ýeňil ýerüsti metro işlemeýär, howa menzillerinde bolsa uçuşlaryň köpüsi gijikdirildi ýa-da ýatyryldy.

7. Beýik Britaniýanyň ýolbaşçylary ýylyň ahyryna çygly süpürgiçleri ulanmagy gadagan etmek barada düzgüni girizmegi meýilleşdirýärler. Şahsy arassaçylyk önümleriniň düzüminde plastik saklanýar, şonuň üçin olar adaty kagyz önümleri ýaly çüýreýärler. Resmi maglumatlara görä, kanalizasiýa näsazlyklaryna we turbalaryň dykynlaryna 90%-den gowrak ýagdaýda çygly süpürgiçler sebäp bolýarlar, bu näsazlyklary aradan aýyrmak üçin bolsa Birleşen Patyşalygyň jemagat hyzmatlary gulluklary ýylda 136 million dollar sarp edýärler.

Sport habarlary

8. AFK futbol boýunça Aziýanyň Kubogynyň final ýaryşynyň täze senesini, şeýle hem ýaryşyň oýunlaryny kabul etjek stadionlaryň sanawyny tassyklady. Duşuşyklar indiki ýylyň 12-nji ýanwaryndan 10-njy fewraly aralygynda geçiriler. Ilkibaşda bu ýaryşy Hytaý kabul etmelidi, ýöne 2022-nji ýylyň maý aýynda ýurt bu ýaryşy geçirmekden ýüz öwürdi. Aziýanyň Kubogy 2023-nji ýylyň 16-njy iýunynda başlamalydy. Aziýanyň Kubogynyň bije çekişligi 11-nji maýda Aşgabat wagty bilen sagat 16:00-da geçiriler. Ýaryşyň duşuşyklarynyň tertibi bije çekişlikden soň gysga wagtyň içinde yglan ediler. Ýaryşa 24 sany milli ýygyndy toparlar gatnaşarlar.

9. «Çelsi» Frenk Lempardyň tälimçi wezipesine gaýdyp geljekdigini habar berdi. Angliýaly hünärmen möwsümiň ahyryna çenli dolandyryjy wezipesine bellendi. Lempard eýýäm 8-nji aprelde Angliýanyň Premýer-ligasynda “Wulwerhemptona” garşy oýnanda topara ýolbaşçylyk eder. Ýatlatsak, londonlylar APL-niň sanawynda 11-nji orny eýeläp, Ýewropanyň Kuboklarynyň zolagyndan 10 utuk yzda barýarlar. Öňde olaryň «Reala» garşy Çempionlar ligasynyň çärýek final duşuşygy hem bar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň