Soňky habarlar

Arhiw

Dünýägözel Gulmanowa Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy wezipesine saýlanyldy

21:5706.04.2023
0
60287

Şu gün Jemgyýetçilik guramalarynyň merkezinde Prezident Serdar Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda Türkmenistanyň Mejlisiniň ýedinji çagyrylyşynyň birinji maslahaty geçirildi. Bu barada «Watan» habarlar gepleşiginde habar berildi.

Bellenilişi ýaly, maslahatyň dowamynda milli parlamentiň täze ýolbaşçy düzümi saýlanyldy. Şeýle-de deputatlaryň öňünde durýan esasy wezipeler kesgitlenildi.

Maslahatyň barşynda Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy wezipesine Aşgabat şäheriniň 5-nji «Parahatçylyk» saýlaw okrugynyň deputaty Dünýägözel Gulmanowa teklip edildi.

Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň 80-nji maddasyna laýyklykda we Türkmenistanyň Mejlisiniň ýedinji çagyrylyşynyň şu gün geçirilen birinji maslahatynyň barşynda gizlin ses bermegiň netijeleri boýunça Dünýägözel Akmuhammedowna Gulmanowa Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy wezipesine saýlanyldy.

Prezident Serdar Berdimuhamedow şu gün bu baradaky degişli Kanuna gol çekdi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň