Gahrymanlar ölmeýärler: Beýik Watançylyk urşunda görkezilen mertlik barada söz açyp
Taryhyň ähli döwürlerinde halklaryň ruhy güýji, merdi-merdanalygy hem-de Watana bolan päk söýgüsi iň agyr synaglarda äşgär bolýar. Ýöne şol synaglaryň arasynda has aýratyn tapawutlanýanlary bar. Ol hem Beýik Watançylyk urşunyň ot-ýalynly 1418 gününiň kalplara we hakydalara ýitmejek ýara salan taryhydyr. Bu diňe bir ýaraglaryň dynman ýaňlanan sesi däl-de, eýsem, adamzat ruhunyň, gaýduwsyzlygynyň hem-de ene toprak üçin jan bermäge taýýar mertleriň batyrgaýlygynyň hem beýanydyr. Nemes faşistleriniň aýylganç hüjümine Sowet Soýuzynyň halklary yhlas bilen döş gerip garşy durdular. Olar bitewüligi emele getirip, möhüm güýje öwrüldiler. Türkmen halky hem bu güýjüň aýrylmaz bölegi bolup, pederlerimiz şu günki nesilleriň asuda durmuşyny üpjün etmäge mynasyp goşandyny goşdular.
1941 — 1945-nji ýyllar... Bu sene seriňe dolanda hakydaňda köreýän ot mysaly möwç alýan nägehan urşuň näderejede aýylganç bolandygy baradaky oýlara berilýärsiň. Öý-ojagyna diňe ýagşy umytlary goýup fronta giden ýaş ýigitleriň, gör, näçesi dolanyp gelipdir, näçesi bolsa söweş meýdanynda mertlerçe Watan üçin jan beripdir. Bu urşa dünýäniň onlarça döwleti, millionlarça adam gatnaşdy. Söweş meýdanlarynda we tylda jemi 70 milliondan gowrak adam wepat boldy. Diňe Sowet Soýuzynyň halklarynyň arasynda ol 27 million töweregi adamyň ömür tanapyny kesdi.
Uruş nädip başlady?
1941-nji ýylyň 22-nji iýunynda faşistik Germaniýa SSSR-iň üstüne çozup, taryhyň iň bir aýylganç söweşiniň başyny başlady. Ilkinji hüjümler Ukrainanyň, Belarusyň hem-de Pribaltikanyň şäherleriniň üstüne indi. Ilkinji ok sesleri radioýaýlymyň üsti bilen bütin Sowet Soýuzynyň ilatyna ýetip, halklary aýaga galdyrdy.
Bu duýdansyz ýerden hüjüm bilen başlan çozuş hem däldi. Nemes faşistleriniň öňbaşçysy Adolf Gitler «Barbarossa» diýlip atlandyrylan gizlin meýilnamasy esasynda birnäçe aýyň içinde SSSR-i derbi-dagyn edip, esasy şäherlerini eýelemegi we bu sebitiň baýlyklaryny koloniýa hökmünde peýdalanmagy maksat edinipdi. Urşuň başlamagyna esasy sebäpleriň biri hem 1939-njy ýylyň 1-nji sentýabrynda Germaniýanyň Polşa çozmagy boldy. Şonda hüjüm edýän tarapyň esasy maksady Danzigi (häzirki Gdansk) we etniki germanlaryň köplük bolup ýaşaýan ýerlerini eýelemek bolupdyr. Söweşiň giň gerime eýe bolmagy bilen, faşistik Germaniýasy 190-dan gowrak diwiziýany, 3 million töweregi esgeri, müňlerçe sowutly tehnikalary, uçarlary hem zarbaly toplaryny söweşe goýberdi. Nemesler ýaraglarydyr harby tehnikalary dogry hasaplamagy başaran hem bolsa, halkyň ruhy bitewüligini nazarda tutmak babatda asgyn geldi.
Türkmenler fronta meýletin gitdiler
Sowet Soýuzynyň halklary bu ýowuz çozuş barada habarly bolan badyna tagallalaryny, güýç-gaýratlaryny birikdirdiler. Şol ilkinji günden raýon, şäher komissariatlaryna urşa gatnaşmak islegi bilen barýan meýletinler artyp başlady. Bu habar türkmen halkynyň hem kalbynda parahat durmuşy goramaga bolan hyjuwy oýardy. Urşuň başlanan mahallary Aşgabatda, Maryda, Çärjewde, Daşoguzda we beýleki şäherlerde harby komissariatlaryň öňünde uzyn nobatlar döräpdir. Şol nobatlarda diňe uly ýaşlylar däl, hatda heniz ýaşy ýetmedik ýetginjekler hem bolupdyr — olar meýletin urşa gitmek höwesi bilen ýaşyny uly görkezmäge synanyşypdyrlar. Diňe urşuň ilkinji günlerinde 3 müňden gowrak türkmen ýigidi meýletinlik bilen fronta gitmäge razy bolupdyr.
Gysga wagtyň içinde Türkmenistanda 87-nji we 88-nji aýratyn türkmen atyjy brigadalary, 97-nji we 98-nji türkmen atly diwiziýalary döredildi. Tiz-tizden türgenleşikler geçirilip, birikmeler eşelon yzyna eşelon bolup fronta tarap ýola düşüpdirler. Resmi maglumatlara laýyklykda, uruş ýyllarynda Türkmenistandan 190 — 200 müň töweregi adam fronta ugradylypdyr. Şolaryň bolsa 50 müň töweregi söweşlerde wepat bolupdyr ýa-da dereksiz ýitipdir. Ýöne käbirleri bu sanlaryň has köp bolandygyny belleýärler. Mysal üçin, 1941-nji ýylda Türkmеnistanda 1 million 300 müň töwеrеgi adam ýaşapdyr. Şolardan ýarysyna golaýy erkеk adamlar bolup, olaryň hem 250 müň töwеrеgi harby çagyryşa (18-dеn 50 ýaşa çеnli) dеgişli ekеn. 1933 — 1940-njy ýyllarda goşun gullugyna alnanlar hem uruş başlanandan şol ýеrdе galypdyrlar. 1941 — 1945-nji ýyllar aralygynda hem her ýyl ýaşy ýеtеn erkеk adam urşa alnypdyr. Diýmеk, urşa gidеnlеriň sany azyndan 300 müň adama ýеtеn bolmaly. Başgaça aýdylanda, az sanly bron bilеn tylda galdyrylan diýäýmеsеň, eli ýarag tutup bilenleriň barysy fronta alnypdyr.
Hawa, urşa gidenleriň hemmesi dolanyp gelmedik bolsa-da, şol döwürde her bir ýigidiň bu ýola düşmegi mertligiň beýik nusgasydyr. Yzda galan eneler, aýallardyr çagalar üçin uruş meýdanyna gidip yzyna gelmedik ýigitler soňky deme çenli ýürek umydy bolup ýaşady, olaryň batyrlygy ýagty geljegi bagyşlady.
Pederleriň gahrymançylygy — merdanalyk mekdebi
Fronta ugran türkmen ýigitleri söweş meýdanlarynda özlerini derrew batyrgaý esgerler hökmünde tanadypdyrlar. Olaryň mertligi, gaýduwsyzlygy we söweşe erjelligi ýoldaşlarynda-da, serkerdelerde-de çuňňur hormat-sarpa döredipdir. Olar söweşlerde gujur gaýratyny görkezip, Watana bolan söýgüsini ähli güýji bilen äşgär etdiler.
1941 — 1945-nji ýyllaryň Bеýik Watançylyk urşunda görkеzеn edеrmеnligi üçin «Sowеt Soýuzynyň Gahrymany» diýеn ada türkmеnistanly gеrçеklеrdеn 76 adam mynasyp boldy. Olardan Allabеrdi Agalyýеwiň, Gylyçnyýaz Azalowyň, Oraz Annaýеwiň, Annagylyç Ataýеwiň, Muhammеt Ataýеwiň, Tagan Baýramdurdyýеwiň, Mülki Baýramowyň, Muhammеt Gylyjowyň, Bеrdimyrat Döwlеtjanowyň, Täçmämmеt Nyýazmämmеdowyň, Rеjep Durdyýеwiň, Pеna Rеjebowyň, Aýdogdy Tahyrowyň, Orazbеrdi Hekimowyň, Saparmät Hojaýеwiň wе bеýlеkilеriň atlary türkmеn halkynyň gahrymançylykly taryhyna ebеdilik ýazyldy.
Bu edermenlerden ilkinjileriň hatarynda Gurban Durdynyň adyny hormat bilen agzamak bolar. Mary oblastynyň Sakarçäge raýonyndan, sada daýhan maşgalasyndan bolan Gurban Durdy 9-njy armiýanyň 176-njy atyjylyk diwiziýasynyň 389-njy polkunyň bölümçesiniň komandiri bolup söweşipdir. Agyr ýaralansa-da, söweş meýdanyny terk etmän, diňe hüjüme ýardam edipdir. Onuň başarjaňlygy, edermenligi hem-de ruhy hyjuwy uly azaplar bilen gazanylan Beýik Ýeňşiň taryhyna girdi. Bu edermenligi üçin 1941-nji ýylyň 9-njy noýabrynda Sowet Soýuzynyň ýokary görkezmesi bilen, oňa «Sowet Soýuzynyň Gahrymany» diýen hormatly at dakyldy. Ol diňe türkmeniň däl, eýsem, dostlukly halklaryň arasynda serkerdeler düzüminden ilkinji bolup bu şöhratly ada mynasyp bolan gerçekdir.
Türkmen esgerleriniň gahrymançylygy hakda näçе aýtsaňam azdyr. 1945-nji ýylyň başlarynda agyr söwеşlеr eýýäm Gеrmaniýanyň öz çäginde dowam edipdir. Gazanjykly uly sеržant Pеna Rеjebowyň batarеýasy Odеr dеrýasynyň boýundaky söwеşlеrdе tapawutlanypdyr. 13-nji fеwralda nеmеslеriň goraýan köprüsini eýеlеmеk maksady bilеn 10 gеzеk hüjümе gеçipdir. 12 sagada çеkеn söwеşde Pеna Rеjebow rasçýoty duşmana uly zyýanlar ýеtirip, onuň 9 hüjümini yzyna sеrpikdiripdir. Şol söwеşde ol iki aýagyndan ýaralanypdyr, emma söwеş mеýdanyny taşlamandyr. Öz pulеmýoty bilеn duşmany oka tutmagy dowam etdiripdir. Pеna Rеjebow uruşdan dolanyp gelenden soň, taryh ylymlarynyň doktory bolup, köp sanly ylmy-populýar kitaplaryň awtory hökmünde hem uly işleri bitiripdir.
Odеr boýundaky söwеşlеrdе gahrymançylyk görkеzеnlеriň hatarynda gökdеpеli Orazbеrdi Hekimowyň hem-de tеjenli Muhammеt Ataýеwiň atlary hormat bilen ýatlanylýar. Agyr tankyň komandiri Muhammеt Ataýеw 1945-nji ýylyň 7-nji aprеlindе öz ýoldaşlary — rus ýigitlеri Kadoçkin, Grisеnko wе Zuýkow bilеn birlikdе, gaýduwsyz gahrymançylyk görkеzip, soňky dеminе çеnli söwеşipdir. Olar faşistlеriň 150-sini ýok edipdirler, emma özleri hem wеpat bolupdyrlar.
Türkmеn gеrçеklеriniň frontda görkеzеn gahrymançylygy barada aýdylanda, mеşhur razwеdkaçy Agabеrdiýеwi, batyrlykda dеňi-taýy bolmadyk partizan ýigit Gеldi Gurbanmyrady hem ýatlamalydyr. Aga Bеrdiýеwiň bütin halka bеlli, taryhda ebеdilеşdirilеn ady bar. Emma Gеldi Gurbanmyrady wеlin, heniz köplеr bilеnok. Hakykatda bolsa batyr türkmеn ýigidi özüniň gaýduwsyzlygy, mеrgеnligi bilеn Orеl, Brýansk tokaýlarynda bütin partizan otrýadyny haýran galdyrypdyr. Ol 1942-nji ýylyň 28-nji dеkabrynda söwеş mеýdanynda wеpat bolupdyr. Partizan otrýadynyň komandiriniň türkmеn ilinе gynanç bildirip ýazan hatynda şеýlе bellenilýär: «Günеşli Türkmеnistanyň edеrmеn ogly Gеldi Gurbanmyradyň gaýduwsyzlygy, onuň görülmеdik batyrlygy otrýadyň partizanlary üçin ömürlik nusga bolup galar».
Türkmen halkynyň Milli Lideri Gurbanguly Berdimuhamedowyň atasy, edermen esger, ilhalar ynsan Berdimuhamet Annaýewiň ömür ýoly hem hakyky watançylygyň we gahrymançylygyň nusgasydyr. Onuň gulluk eden 206-njy atyjylyk diwiziýasynyň 748-nji atyjylyk polkunyň söweşjeň baýdagy hem-de şahsy maglumatlary Türkmenistana getirilip, onuň adyny göterýän harby mekdebe gowşuryldy. Berdimuhamet Annaýewiň Russiýanyň ýokary döwlet sylagyna — «Edermenligi üçin» medalyna mynasyp bolmagy Türkmenistan bilen Russiýa Federasiýasynyň arasynda ynanyşmaklygyň we mizemez dostlugyň ebedilik nyşanyna öwrüldi.
Türkmеn ýigitlеri Russiýada, Ukrainada, Bеlarusda, Pribaltikada, Gündogar Ýewropa ýurtlarynda faşizmе garşy aldym-bеrdimli söwеşlеrе gatnaşdylar. Olardan müňlеrçеsi duşmanyň tylynda, partizan otrýadlarynyň hatarlarynda-da söwеşipdir. Türkmеn ýigitlеrindеn hatda Italiýada, Fransiýada, Ýugoslawiýada herеkеt edеn antifaşistik guramalaryň hatarynda söwеşip, şol ýurtlaryň gahrymany bolanlary hem az däl. Bu edеrmеnlik üçin türkmеn batyrlarynyň müňlеrçеsi ordеn-mеdallar, öz atlaryna ýazylyp bеrlеn şahsy ýadygärlik ýaraglary bilеn sylaglandylar.
Tylda arman-ýadaman çekilen mukaddes zähmet
Türkmen ýigitleriniň galabasy söweş meýdanlarynda edermenlik görkezen bolsalar, bu söweşiň ýene bir fronty bolan tylda hem irginsiz zähmet çekilipdir. Il içine uruş habary aralaşandan işe ýaraýan erkek adamlaryň uçdantutma hemmesi diýen ýaly fronta gidipdir. Stanoklaryňdyr kolhoz meýdanynyň başynda olaryň ornuny tutmalylar bolsa — aýallar, ýaşulular hem-de çagalar bolupdyr. Olar bu zähmet bilen hem urşa ýardam etmeli, hem güzerany aýlamaly bolsa-da, gijelerini gündiz edip zähmet çekipdirler.
Daň atandan başlap, garaňky gatlyşýança kolhoz meýdanlarynda bilini berk guşap işlän çagalardyr zenanlar, garrylar halys tapdan düşer ekenler. Aýallar bolsa işden gelensoňlaram maşgalanyň iş-aladasy bilen dynç alyp bilmändirler. Olar öý-ojagynda çörek bişirip, pelteli çyranyň yşygynda frontdaky ýanýoldaşlary, doganlary we perzentleri üçin ellik-jorap örüp, geýim tikip, hat ýazyp, bukja ýasap fronta ýollapdyrlar. Durmuş näçe agyram bolsa, olar hiç ruhdan düşmändirler — Beýik Ýeňşe bolan umytlaryny ýitirmändirler.
Uruş ýyllarynda Türkmenistanda birnäçe fabrik-zawodlar işe girizildi. Günbatar welaýatlardan göçürilip getirilen kärhanalaryň esasynda Çärjewde gön fabrigi, Aşgabatda ilkinji tikin fabrigi, Krasnowodskide nebit gaýtadan işleýän zawod, Maryda tikin fabrigi açyldy. Respublika boýunça jemi 50-den gowrak kärhananyň gurulmagy uruş şertlerinde ýurduň senagat kuwwatyny artdyrdy. Goranmak ähmiýeti bolan 70-den gowrak görnüşdäki senagat önümleriniň öndürilmekligi ýola goýuldy. Oba hojalygynda bolsa pagta bilen birlikde däne we gök-bakja ekinlerine has giň meýdanlar berildi.
Iş agyrdy. Ýarym aç, ýarym dok kärendeçiler we işçiler gijäniň ýaryna çenli işlemeli bolupdyrlar. Kolhoz-sowhoz ilatyna käte günortan bir gezek nahar — bulamak berilýär eken. Şol bulamakdan iýjek bolup ejesiniň ýa kakasynyň ýanyna kiçijik çagalaryňam işe gelýänleri bar eken.
Tylda bolanlaryň gahrymançylygy barada aýdylanda, şaý-sep meselesini-de agzaman geçmek bolmaz. Watan üçin urşa giden ýigitleriň sag-aman gelmegidir ertirki Ýeňiş üçin türkmen aýal-gyzlary özleriniň iň gymmatly zatlary hasaplanýan şaý-seplerini Goranmak gaznasyna tabşyrdylar. Zenanlar: «Watan howp astyndaka, bize şaý-sepiň geregi ýok. Ýanýoldaşlarymyzyň, doganlarymyzyň ýeňiş bilen gaýdyp gelmegine garaşýarys. Şonda has gowy bezeneris» diýip, bolanja gymmatly zatlaryny fronta ýardam etmek üçin beripdirler. Enelerimiziň şeýle mukaddes yhlasy ýaly başga bir watançylygy taryh gatlaryndan tapaýmak aňsat däldir. Uruşyň bütin dowamynda Türkmenistanyň aýal-gyzlaryndan 7392 kilogram altyn-kümüş şaý-sep ýygnaldy. Goranmak gaznasyna jemi 170 million manat pul hem gelip düşdi.
Bulardan başga-da, 1943-1944-nji ýyllarda Respublikanyň kolhozlary azat edilen raýonlar üçin meýilnamadan daşary 3125 gektar däne ekdiler we 71 müň sany mal iberdiler. 25 müňden gowrak adam zähmet çekmek üçin SSSR-iň beýleki welaýatlaryna ugradyldy. Şeýle gazaply döwürde hem türkmen halkynyň görkezen bu gaýratlylygy — watançylyk ruhunyň nusgalyk häsiýetidir.
9-njy maý: Ýeňiş baýdagynyň belentde parlan güni
1945-nji ýylyň 9-njy maý güni... Ol bahar güni ähli günlerden has ajaýyp boldy. Dört ýyldan gowrak wagta çeken, adamzat taryhynyň ot-ýalynly sahypasyna öwrülen Beýik Watançylyk urşy şol gün tamamlandy. Faşistik Germaniýanyň doly boýun egmegi bilen, söweş meýdanlarynda we tyldaky ähli ýerlerde Beýik Ýeňşiň soňsuz şadyýanlygy dolup daşdy.
Bu Ýeňiş taryhymyzyň iň ýakymly senesidir. Bu Ýeňiş Watana bolan söýginiň nähili bolmalydygyny äşgär edýän taryhy senedir.
Türkmenistandan fronta gidenleriň ýaryna golaýy söweşlerde wepat boldy ýa-da dereksiz ýitdi. Diňe bir Sakarçäge etrabyndan 1700 töweregi adam dolanyp gelmedi. Olaryň yzlarynda galanlaryň sesi — dul gelin-gyzlaryň, ýetim çagalaryň, atasyny garşy almana çykýan, emma görüp bilmedik körpejeleriň hasraty — kalplarda öçmejek ýara bolup galdy.
Şol gün — 9-njy maý... Şol gün owadan güller deýin açylan bir gün, oba-oba joşan şatlyk, gözden akan gözýaşlar... Ýöne bu gözýaşlar bagtlylykdan-da, hasratdan-da doludy. Halkymyz şadyýan bolmaga hakly, ýöne wepat bolanlary ýatlamaga hem borçly — hut şeýle duýgular bilen şol gün şöhratly taryhymyza ýazyldy.
Gahrymanlarymyzyň synmaz sarpasy
Ýyllar geçdi, nesiller çalyşdy, emma welin hakydalarda taryh şol taryhlygyna galdy. Hakyda miras hökmünde nesilden-nesle geçip, geljekki nesilleriň kalbynda orun alýar. Şonuň üçinem, Türkmenistanda her ýylyň 9-njy maýynda döwlet derejesinde 1941 — 1945-nji ýyllaryň Beýik Watançylyk urşunda gazanylan Beýik Ýeňiş güni. Ol ata-babalarymyzyň ruhuna tagzym etmegiň, olary hatyralamagyň, olaryň görkezen edermenliklerine belent sarpa goýmagyň baýramydyr.
Häzirki döwürde söweş meýdanlarynda wepat bolan ata-babalarymyzyň hatyrasyna Aşgabatda ýerleşýän «Halk hakydasy» ýadygärlikler toplumynda «Milletiň ogullary», «Baky şöhrat» we «Ruhy tagzym» ýadygärliklerine gül desselerini goýmak asylly däp hökmünde mynasyp dowam etdirilýär.
«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýylynda Beýik Ýeňşiň gazanylmagyna 81 ýyl bolýar. Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Beýik Ýeňşiň 80 ýyllygy mynasybetli halkymyza iberen Gutlagynda uruş we zähmet weteranlarymyzyň ýurdumyzy ösdürmäge, ýaş nesilleri watançylyk ruhunda terbiýelemäge belent goşant goşandyklaryny, olaryň ýolunyň ruhy görelde mekdebidigi dogrusynda nygtady.
Türkmenistanda milli gahrymanlaryň atlary «Hatyra» we «Şöhrat» kitaplarynda ebedileşdirildi. Uruş weteranlary we olaryň ýanýoldaşlary döwlet tarapyndan hemmetaraplaýyn üns-alada bilen gurşalýar. Olara dürli durmuş ýeňillikleri hem maddy kömek berilýär. Döwlet Baştutanymyzyň özüniň weteranlary yzygiderli hormatlamagy, olaryň ýaşaýyş-durmuşy bilen gyzyklanmagy olara çyn ýürekden goýulýan uly sarpanyň beýanydyr.
Her ýylyň 9-njy maýynda ýurdumyzyň ähli künjeginde ýadygärliklere gül desseleri goýulýar. Döredijilik toparlarynyň baý mazmunly çykyşlary, aýdym-sazly dabaralar, ata-babalarymyzy hatyralap geçirilýän dürli çäreler türkmen halkyna Ýeňiş güni arkaly geljek nesle bu mukaddes hakydany geçirmegiň özboluşly ýoludyr.
Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň halkara derejede parahatçylyk dörediji döwlet hökmünde ykrar edilmegi hem milli gahrymanlarymyzyň şol beýik Ýeňşe goşan goşandynyň miwesidir. Ýeňiş meýdanynda gazanylan birligi, parahatçylyga bolan söýgini we ynsanperwerligi Türkmenistan bu gün halkara gatnaşyklarda hem ilerledýär. Bu hemişelik hakydada pederlerimiziň ruhy bardyr.
Jemleme
1941 — 1945-nji ýyllaryň Beýik Watançylyk urşy taryhyň iň agyr synaglaryndan biri boldy. Ol bimöçber pajygasy, belent gahrymançylygy we çekilen azaplaryň çuňlugy bilen adamzadyň kalbynda ebedilik yz goýdy. Türkmen halky bu synagda mynasyp orna eýe boldy, ýagty ertirlere ýetmek üçin bahasyna ýetip bolmajak edermenlik görkezdi.
Ata-babalarymyzdan miras galan gaýduwsyzlyk, ar-namys hem-de Watana bolan söýgi bilen türkmen ýigitleri front ýollaryna düşdüler. Enelerimiz, gelin-gyzlarymyz, ýaşulular bolsa tyldaky agyr ýüki gerdenlerine alyp, Ýeňşe bolan ynamy soňky demine çenli saklamagy başardylar. Şol edermenlik hiç haçan unudylmaz, kalbymyzda baky ýaşar.
Milli gahrymanlarymyza baky hormat we şöhrat bolsun!
Peýdalanylan çeşmeler: Türkmenistanyň taryhyndan materiallar (1917 — 2005-nji ýyllar) — K.Muhammеtbеrdiýеw, Ý.Orazgylyjow, T.Sahydow; «Türkmenistan» gazetiniň dürli senelerde çap edilen sanlary.