Soňky habarlar

Arhiw

Igor Babuşkin Astrahan bilen Türkmenbaşynyň arasynda göni howa gatnawyny ýola goýmagy teklip etdi

15:2306.04.2023
0
54358

Astrahan oblastynyň gubernatory Igor Babuşkin Astrahan (Russiýa Federasiýasy) bilen Türkmenbaşynyň (Türkmenistan) arasynda göni howa gatnawyny ýola goýmagy teklip etdi.

Astrahan oblastynyň Daşary aragatnaşyk ministrliginiň metbugat gullugynyň habar bermegine görä, degişli meselä Igor Babuşkiniň Prezident Serdar Berdimuhamedow bilen bolan duşuşygy mahalynda seredildi.

«Igor Babuşkin Prezident Serdar Berdimuhamedowa golaýda Astrahan oblastynda Hazar deňzindäki gatnawlar üçin gurlan «Beýik Pýotr» gämisiniň suwa goýberiljekdigi barada mälim etdi. Şeýle-de gubernator «Türkmenhowaýollary» awiakompaniýasynyň Türkmenbaşy — Astrahan ugry boýunça göni howa gatnawalaryny ýola goýmak boýunça mümkinçilikleri öwrenmekligi teklip etdi» diýlip, «Hazar — dostluk deňzi» atly motoýörişiň çäklerinde astrahan wekiliýetiniň Türkmenistana saparynyň jemleri baradaky habarda beýan edilýär.

Häzirki wagtda Türkmenistan bilen Russiýa Federasiýasynyň arasyndaky göni howa gatnawlaryny iki sany kompaniýa amala aşyrýar. «Türkmenistan» awiakompaniýasy Aşgabatdan Moskwa we Kazana yzygiderli amala aşyrýan bolsa, Russiýanyň S7 Airlines kompaniýasy Moskwa — Aşgabat — Moskwa ugry boýunça hepdede iki gezek uçuşy amala aşyrýar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň