Turkmenportal logo
06.04.23
4859348593
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Türkmenistan ýanwar aýynda Türkiýä 12,896 tonna deňiz ýangyjyny iberdi

2023-nji ýylyň ýanwar aýynda Türkiýe Türkmenistandan 12,896 tonna deňiz ýangyjy import etdi. Muny Türk energiýa bazaryny düzgünleşdiriji edarasyna (EPDK) salgylanmak bilen «Trend» habar berýär.


EPDK-nyň habaryna görä, Türkiýe 2022-nji ýylyň dekabrynda Türkmenistandan 9,182 tonna deňiz ýangyjy import edipdir.


Çeşmäniň habaryna görä, 2022-nji ýylyň dowamynda Türkiýe Türkmenistandan 15,54 müň tonnadan gowrak deňiz ýangyjyny import etdi. Bu bolsa 2021-nji ýyldakydan (2,06 müň tonna) 7,5 esse köpdür.