Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanyň Daşary ykdysady iş banky daşary ýurt dükanlarynda internet-söwdalary üçin täze bank kartyny işe girizdi, Türkmenistanda 8-nji mart mynasybetli pul sowgatlary gowşurylyp başlandy we beýleki habarlar

11:0703.03.2023
0
70778

1. Türkmenistanyň Döwlet daşary ykdysady iş banky täze «VISA Virtual» bank kartyny işe girizdi, bu kartynyň kömegi bilen daşary ýurt internet-dükanlarynda we merkezlerinde söwda etmek, hyzmatlary sargyt etmek, elektron petekleri satyn almak, myhmanhanalary bronlamak we başga-da köp sanly tölegleri amala aşyrmak mümkindir.

«VISA Virtual» bank kartyny Daşary ykdysady iş bankynyň Aşgabatdaky we Türkmenbaşydaky şahamçalarynda açdyrmak mümkindir. Şeýle hem ýanyňyzda pasportyňyz we onuň göçürmesi, şeýle hem hasabyňyzda ABŞ-nyň dollarynda saklanjak başlangyç pul mukdary bolmalydyr.

Kart resmileşdirilenden soňra, ulanyjy rekwizitleri alýar: kartyň belgisi, hereket edýän möhleti, tassyklaýyş kodlary.

2. Ýetip gelýän 8-nji mart baýramçylygy mynasybetli Türkmenistanyň aýal-gyzlary Prezident Serdar Berdimuhamedowyň adyndan pul sowgatlary gowşurylyp başlandy. Asylly däbe görä, 60 manat mukdarda pul sowgatlaryny gowşurmak çäresi dabaraly ýagdaýda geçirilýär. Çagalar baglarynda terbiýelenýän çagalar ilkinjileriň biri bolup Prezidentden pul sowgatlaryny aldylar.

3. Bakuwda Goşulyşmazlyk Hereketiniň COVID-19 bilen göreşmek boýunça Aragatnaşyk toparynyň sammitiniň plenar mejlisi tamamlanandan soňra Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow we Azerbaýjanyň Prezidenti Ilham Aliýew bilen hem-de Özbegistanyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew bilen duşuşyk geçirdi.

4. Türkmenistanyň awtoparklary täze «Toyota Corolla» we «Hyundai Elantra» kysymly ýeňil taksiler bilen dolduryldy. Ýapon öndürijisiniň 530 ýeňil awtoulagy Aşgabatdaky «Türkmenawtoulaglary» agentliginiň tehniki parkynyň üstüni ýetirdi. «Lebapawtoulag» önümçilik birleşiginiň taksi parkyna 45 sany Toyota Corolla we 40 Hyundai Elantra ykjam sedan awtoulaglary gelip gowuşdy. «Balkanawtoulag» önümçilik birleşiginiň taksi parky 34 sany, Ahal welaýatynyň taksi parky bolsa 50 awtoulag bilen dolduryldy.

5. 1-nji martda Prezident Serdar Berdimuhamedow Aşgabatda «Wozroždeniýe» taslama-gurluşyk kompaniýalar toparynyň ýolbaşçysy Igor Bukatony kabul etdi. Duşuşygyň dowamynda işewür döwlet Baştutanyna alnyp barylýan işler barada habar berdi.

6. «Serhetabat we Oguzhan etraplarynyň ýatyrylyp, olaryň dolandyryş-çäk birlikleriniň Tagtabazar, Murgap we Sakarçäge etraplaryna geçirilendigi sebäpli şäherleriň ýerli telefon belgileriniň hem-de ugur kodlarynyň üýtgedilendigini Mary welaýatynyň ýaşaýjylarynyň dykgatyna ýetirýäris!» diýlip, «Marytelekomyň» resmi habarynda beýan edilýär. Habarlaşmak üçin telefon belgisi: 071.

Dünýäde

7. 2023-nji ýylda «KAMAZ» ýük awtoulaglarynyň önümçiligini 15% ýokarlandyrar, şeýlelik bilen zawodyň öndürýän 14-den 40 tonna çenli agramly ulaglarynyň sany 50 müňden gowrak bolar. Bu ýyl «KAMAZ» täze görnüşli amatly kabinasy bolan «K5» ýük awtoulaglarynyň önümçiligine gaýtadan girişdi.

8. Argentinadaky «Atuça» atom elektrik stansiýasynda Buenos-Aýresde we birnäçe goňşy sebitlerde köpçülikleýin elektrik togunyň kesilmegine sebäp boldy näsazlyk döredi. Näsazlyga Argentinanyň demirgazyk sebitlerinde döräp, ýokary woltly elektrik geçiriji liniýasyna zeper ýetiren ýangyn sebäp boldy. Bu sebäpli, takmynan, 20 million adam elektriksiz galdy.

Sport habarlary

9. Futbol boýunça Türkmenistanyň çempionatynyň 2023-nji möwsümi 4-nji aprelde başlanar. Çempionat dört tapgyrda geçiriler, oňa sekiz topar gatnaşar. Üç topar – «Altyn Asyr», «Aşgabat» we «Köpetdag» paýtagta wekilçilik edýärler. Balkanabatdan «Balkan» we Türkmenbaşyden «Şagadam» – Balkan welaýaty, «Merw» we «Energetik» – Mary welaýaty, şeýle hem «Ahal» – Ahal welaýaty. Birinji we ikinji tapgyryň duşuşyklary 2023-nji ýylyň iýun aýynyň ahyryna çenli geçiriler.

10. Madridiň «Realy» Ispaniýanyň Kubogynyň birinji ýarymfinalynda «Barselonadan» ýeňildi. Madriddäki «Santýago Bernabeu» stadionynda geçirilen duşuşyk katalon toparynyň 1:0 hasabynda ýeňşi bilen tamamlandy. 26-njy minutda şa klubynyň goragçysy Eder Militao pökgini öz derwezesine iberdi. Şeýlelikde, «Real» möwsümdäki ilkinji ýeňlişini öz meýdançasynda başdan geçirdi. Ondan öň Karlo Ançelottiniň şägirtleri öz meýdançasynda 11 ýeňiş gazanypdylar we üç gezek deňme-deň oýnapdylar. Bu toparlaryň arasyndaky jogap duşuşygy 5-nji aprelde Barselonadaky «Kamp Nou» stadionynda geçiriler.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň