Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanda Prezident Serdar Berdimuhamedowyň gelin-gyzlara pul sowgady gowşurylyp başlandy

20:3302.03.2023
0
38646

Şu gün eýeçiliginiň görnüşine garamazdan, ähli kärhanalarda, edaralarda we guramalarda işleýän aýal-gyzlara, pensiýa we döwlet kömek puluny alýan aýal-gyzlara, önümçilikden aýrylmak şerti bilen aspiranturada, doktoranturada we kliniki ordinaturada okaýan aýal-gyzlara, Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Döwlet gullugy akademiýasynyň iki okuw ýylyndan az bolmadyk möhletli okuwlarynyň diňleýji aýal-gyzlaryna, talyp gelin-gyzlara, orta mekdeplerde okaýan we mekdebe çenli çagalar edaralarynda terbiýelenilýän gyzlara Halkara zenanlar güni mynasybetli Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň adyndan pul sowgatlary gowşurylyp başlandy.

Ozal hem habar berşimiz ýaly, şu ýylyň 24-nji fewralynda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly geçirilen Hökümetiň nobatdaky mejlisiniň barşynda Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlaryna ýurtda zenanlara goýulýan hormat-sarpanyň has-da ýokarydygyny belläp, her ýylyň 8-nji martynda bellenilýän Halkara zenanlar gününi ýokary derejede belläp geçmegi, şeýle-de gelin-gyzlara Türkmenistanyň Prezidentiniň adyndaky 60 (altmyş) manat möçberinde pul sylagyny gowşurmagy degişli ýolbaşçylara tabşyrypdy.

1 — 6-njy mart aralygynda Türkmenistanyň Prezidentiniň adyndan gelin-gyzlara Halkara zenanlar güni mynasybetli gowşuryljak pul baýraklarynyň gowşurylyş dabarasy ýokary derejede geçirilýär.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň