Soňky habarlar

Arhiw

Serdar Berdimuhamedow «Wozroždeniýe» kompaniýalar toparynyň ýolbaşçysyny kabul etdi

21:5201.03.2023
0
40039
Serdar Berdimuhamedow «Wozroždeniýe» kompaniýalar toparynyň ýolbaşçysyny kabul etdi
Surat: tdh.gov.tm

Şu gün Prezident Serdar Berdimuhamedow «Wozroždeniýe» taslama-gurluşyk kompaniýalar toparynyň ýolbaşçysy Igor Bukatony kabul etdi. Bu barada «Watan» habarlar gepleşiginde habar berildi.

Işewür wagt tapyp kabul edendigi hem-de hyzmatdaşlygyň geljekki ugurlaryny ara alyp maslahatlaşmaga döredilen mümkinçilik üçin Prezident Serdar Berdimuhamedowa hoşallygyny beýan edip, «Wozroždeniýe» taslama-gurluşyk kompaniýalar toparynyň giň möçberli özgertmeler strategiýasyny durmuşa geçirýän Türkmenistan bilen netijeli hyzmatdaşlygyň pugtalandyrylmagyna uly gyzyklanma bildirýändigini tassyklady.

Prezident Serdar Berdimuhamedow hoşniýetli sözler üçin minnetdarlyk bildirip, Türkmenistanyň «Wozroždeniýe» taslama-gurluşyk kompaniýalar topary bilen üstünlikli hyzmatdaşlygynyň köpýyllyk tejribesini kanagatlanma bilen belledi.

Duşuşygyň barşynda dürli ulgamlarda uly kuwwata eýe bolan hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlary boýunça pikir alşyldy.

Hyzmatdaşlyk bilen baglylykda, işewür ýerine ýetirilýän işleriň ýagdaýy barada Prezident Serdar Berdimuhamedowa hasabat berdi.

Duşuşykda özara bähbitli ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň mundan beýläk-de giňeldilmegine meýil beýan edildi.

Söhbetdeşlikde, häzirki döwrüň ýagdaýlary bilen baglylykda, suw serişdelerini gorap saklamagyň hem-de rejeli peýdalanmagyň täzeçil tehnologiýalaryny we ylmyň soňky gazanylanlaryny ulanmak arkaly, Türkmenistanyň ähli derýalarynda endigan suw akymyny üpjün etmegiň möhümdigi bellenildi. Nygtalyşy ýaly, şundan ugur alyp, şu meseleleri çözmekde Türkmenistan öňdebaryjy daşary ýurt tejribesini ulanmagy maksat edinýär hem-de «Wozroždeniýe» taslama-gurluşyk kompaniýalar toparynyň anyk tekliplerine seretmäge taýýardyr.

Işewür Prezident Serdar Berdimuhamedowa kompaniýa bildirýän ynamy üçin tüýs ýürekden hoşallygyny beýan edip, kompaniýanyň öz üstüne alan borçnamalarynyň ýerine ýetirilmegine mundan beýläk-de jogapkärçilikli çemeleşjekdigine ynandyrdy.

Duşuşygyň ahyrynda Prezident Serdar Berdimuhamedow we «Wozroždeniýe» taslama-gurluşyk kompaniýalar toparynyň ýolbaşçysy özara bähbitlilik esasynda ýola goýulýan we anyk netijeleriň gazanylmagyna gönükdirilen köpýyllyk ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň mundan beýläk-de üstünlikli dowam etjekdigine ynam bildirdiler.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň