Soňky habarlar

Arhiw

Mary welaýatynyň şäherçeleriniň telefon kodlary üýtgedildi

11:5402.03.2023
0
46387

Mary welaýatynda Serhetabat we Oguzhan etraplaryny ýatyryp, olaryň dolandyryş-çäk birlikleriniň Tagtabazar, Murgap, Sakarçäge etraplaryna geçilendigi sebäpli ýerli telefon belgileri hem-de ugur kodlary üýtgedildi.

«Maru — şahu jahan» welaýat gazetiniň «Marytelekom» welaýat elektrik aragatnaşyk kärhanasynyň maglumatyna esaslanyp habar bermegine görä, Tagtabazar etrabynyň çägine giren Serhetabat şäheriniň we geňeşlikleriniň täze ugur kody: 8-00-568-3-xx-xx;

Murgap etrabynyň çägine giren Oguzhan şäherçesi, Deňizhan şäherçesi we Deňizhan geňeşliginiň täze ugur kody: 8-00-565-6-xx-xx;

Sakarçäge etrabynyň çägine giren parahat şäherçesi, Bereket daýhan birleşigi, Ýyldyzhan daýhan birleşigi, Döwletli zaman şäherçesi, Merdana geňeşliginiň Azatlyk obasynyň, Garaşsyzlyk daýhan birleşiginiň we Şatlyk şäherçesiniň täze ugur kodlary: 8-00-566-6-xx-xx.

Mary welaýatynyň ýaşaýjylary özlerini gyzyklandyrýan soraglar boýunça «071» sorag-jogap gullugyna jaň edip bilerler.

Şeýle-de okaň:

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň