4-nji aprelde Türkmenistanyň 2023-nji ýyldaky futbol çempionaty badalga alar

12:5002.03.2023
0
37192

Futbol boýunça Türkmenistanyň 31-nji çempionaty 2023-nji ýylyň 4-nji aprelinde badalga alar. Bu barada Türkmenistanyň Futbol federasiýasynyň resmi web-saýtynda habar berilýär.

Çempionat dört tapgyrda geçiriler. Oňa sekiz sany futbol topary gatnaşar. Şol sanda Aşgabatdan «Altyn asyr», «Aşgabat», «Köpetdag», Balkan welaýatyndan «Nebitçi», Türkmenbaşy şäherinden «Şagadam», Mary welaýatyndan

«Merw» bilen «Energetik», Ahal welaýatyndan bolsa «Ahal» toparlary gatnaşarlar.

Geçen möwsümiň çempiony bolan «Ahal» nobatdaky gezek badalga aljak çempionatda öz çempionlygyny goramak ugrunda göreşer.

Futbol boýunça Türkmenistanyň çempionatynyň birinji we ikinji tapgyrynyň duşuşyklary 2023-nji ýylyň iýun aýynyň ahyryna çenli dowam eder.

Çempionatda geçiriljek duşuşyklar baradaky maglumatlar ýakynda TFF-niň web-saýtynda ýerleşdiriler.

2023-nji ýylda Türkmenistanyň futbol boýunça çempionatyna gatnaşýan toparlar bilen tanyş boluň:

1. «Altyn asyr» futbol topary (Aşgabat şäheri).
2. «Ahal» futbol topary (Ahal welaýatynyň Änew şäheri).
3. «Energetik» futbol topary (Mary welaýaty).
4. «Şagadam» futbol topary (Balkan welaýatynyň Türkmenbaşy şäheri).
5. «Merw» futbol topary (Mary welaýatynyň Mary şäheri).
6. «Köpetdag» futbol topary (Aşgabat şäheri).
7. «Aşgabat» futbol topary (Aşgabat şäheri.
8. «Nebitçi» futbol topary (Balkan welaýatynyň Balkanabat şäheri).

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň