Şu gün Aşgabatda döwrebap jemgyýetçilik ulaglarynyň nobatdaky tapgyrynda täze satyn alnan, «Toyota Corolla» kysymly ýeňil taksi awtoulaglaryň ýene-de 530 sanysy ilata hyzmat etmek üçin ýola çykaryldy. Bu barada «Watan» habarlar gepleşiginde habar berildi.
Täze ulaglar kesgitlenilen çäklerde hereket edýärler. Häzirki döwürde hereket edýän taksiler enjamlaşdyrylyşy we ýolagçylara niýetlenilip döredilen şertleri babatda bildirilýän talaplara doly laýyk gelýär. Oňaýly taksilerde ýolagçylar üçin zerur howany üpjün edýän enjam ýokary derejede işleýär. Islän wagtyň taksi hyzmaty gerek bolan ýagdaýynda, degişli telefon belgisine jaň edip, ulagy çagyrmak mümkinçiligi hem ýola goýuldy.
Taksi ulaglarynyň hereketlendirijileri bildirilýän ekologiýa talaplaryna-da doly laýyk gelýär. Bu bolsa howa goýberilýän zyýanly serişdeleriň azaldylmagyna, şäherde arassa howanyň üpjün edilmegine mümkinçilik berýär.
***
Şeýle-de «Türkmenawtoulaglary» agentliginiň ýurduň welaýatlaryndaky degişli awtoulag kärhanalaryna hem «Toyota Сorolla», «Hyundai Elantra» kysymly döwrebap taksi awtoulaglary gelip gowuşdy. Has takygy, döwrebap taksi awtoulaglaryň Ahal welaýatynda 50-si, Balkan welaýatynda 34-si, Daşoguz welaýatynda 80-si, Lebap we Mary welaýatlarynyň hem hersinde 85-si ilata edilýän ulag hyzmatlarynyň hilini we medeniýetini ýene-de ýokarlandyrar.