Türkmenabat şäherinde taksileriň sany köpeldi

10:0801.03.2023
0
23958

Türkmenabat şäherinde taksileriň sany segsen bäşe çenli köpeldi. «Lebapawtoulag» önümçilik birleşigine hut şonça ýeňil maşyn gelip gowuşdy.

Onuň 45-si dünýä belli ýapon öndürijisiniň «Toyota Corolla» kysymly, 40-sy bolsa Günorta Koreýanyň kompaniýasynyň «Hyundai Elantra» kysymly maşynlarydyr. Bu barada «Jeyhun.news» habar berdi. Taksiler ýokary amatlylyklary we tygşytlylygy bilen tapawutlanýarlar we şäher şertlerinde ýolagçylar hyzmat etmek üçin oňaýly hasaplanylýarlar. Önümçilik birleşiginiň taksileriň üstüniň ýetirilmegi gatnadylýan ýolagçylarynyň sanyny artdyrar, şäheriň we onuň ýakynyndaky ilatly ýerleriň ýaşaýjylary bolsa täze mümkinçilikleri alarlar.

Ähli maşynlaryň işine geçen ýyl ulanylmaga tabşyrylan halkara awtomenzilde badalga berildi. Däbe görä, il sylagly ýaşulular we kümüş saçly eneler ulaglaryň işe girizilmegine ak pata berdiler.

Maşynlaryň gelip gowuşmagy bilen 170 sany täze iş orunlary peýda boldy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň