Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanda Watan goragçylarynyň güni bellenildi, Serdar Berdimuhamedow floty giňeltmegi tabşyrdy, Raşid Meredow Türkmenistanda daşary ýurtlaryň ýokary okuw mekdepleriniň şahamçalaryny açmak meselesini öwrenmegi teklip etdi we beýleki habarlar

11:1828.01.2023
0
50641

Türkmenistanda

1. 27-nji ýanwarda Türkmenistanda Watan goragçylarynyň güni bellenildi. Bu waka mynasybetli Prezident Serdar Berdimuhamedow ýurduň harby we hukuk goraýjy edaralarynyň harby gullukçylaryny we işgärlerini gutlady. Döwlet Baştutany bu baýramyň ata Watanymyzyň mukaddes Garaşsyzlygyny goraýan harby we hukuk goraýjy edaralaryň harby gullukçylaryna, işgärlerine bildirilýän uly ynamy, belent sarpany, olar hakynda edilýän çuňňur aladany giňden dabaralandyrýandygyny diýip belledi.

2. Astrahan döwlet uniwersitetinde Ahal welaýatyň täze döwrebap edara ediş merkeziniň – Arkadag şäheriniň tanyşdyrylyş dabarasy boldy. Bu çäre Türkmenistanyň Astrahandaky konsuly Nury Gölliýewiň ADU-nyň rektory Konstantin Markelow bilen duşuşygynyň çäklerinde geçirildi.

3. Türkmenistanyň Russiýa Federasiýasyndaky ilçisi Batyr Nyýazlyýew Russiýanyň DIM-niň ýolbaşçysynyň orunbasary Mihail Galuzin bilen Moskwada geçirilen duşuşykda halkara gurluşlaryň çäginde ýurtlaryň arasyndaky özara hyzmatdaşlyk meselesini ara alyp maslahatlaşdylar. Söhbetdeşligiň dowamynda halkara gurluşlaryň çäginde ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň we özara gatnaşyklaryň möhüm meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

«Watan» habarlar gepleşiginiň täzelikleri

4. Täjigistan Respublikasynyň Prezidenti Emomali Rahmon Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowy ýurtlaryň arasynda diplomatik gatnaşyklarynyň ýola goýulmagynyň 30 ýyllygy bilen gutlady. «Iki ýurduň özara gatnaşyklarynyň täze taryhynda möhüm ähmiýeti bolan bu şanly sene mynasybetli Size hem-de Türkmenistanyň dostlukly halkyna tüýs ýürekden gutlaglarymy, iň gowy arzuwlarymy beýan edýärin» – diýlip, täjik Lideriniň hatynda bellenilýär.

5. Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow milli deňiz flotuny giňeltmegi tabşyrdy. Penşenbe güni Mary welaýatynda geçirilen Hökümetiň göçme mejlisinde Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň Baş direktory Mämmethan Çakyýewe degişli görkezmeler berildi. «Döwlet Baştutanymyz «Balkan» gämigurluşyk we abatlaýyş zawody» açyk görnüşli paýdarlar jemgyýetiniň ýurdumyzyň gämigurluşyk ulgamyny ösdürmek üçin esas bolup durýandygyny nygtap, agentligiň ýolbaşçysyna milli deňiz flotunyň giňeldilmegini, dürli görnüşli gämileriň gurluşygynyň özleşdirilmegini üpjün etmek boýunça zerur çäreleri görmegi tabşyrdy».

6. Wise-premýer, daşary işler ministri Raşid Meredow Türkmenistanda türkmen ýaşlarynyň halkara hyzmatdaşlyk Strategiýasynyň çäklerinde daşary ýurtlaryň ýokary okuw mekdepleriniň şahamçalaryny açmak baradaky meseläni öwrenmegi teklip etdi. Şonuň bilen baglylykda, ol abraýly halkara guramalar, şol sanda BMG, ÝHHG, ÝB, GDA bilen bilim ulgamynda hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmegi teklip etdi.

7. Türkmenistan Aşgabatda we Daşkentde Özbegistan bilen bilelikdäki Söwda öýlerini açmaga taýýarlyk görýär. Hökümet mejlisinde wise-premýer Batyr Atdaýew bu ugurda alnyp barylýan işler barada hasabat berdi. Ýatlatsak, 2022-nji ýylyň oktýabrynda Özbegistanyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýewiň Türkmenistana resmi saparynyň dowamynda taraplar Iki ýurduň çäginde söwda öýleriniň işini düzgünleşdirmek hakynda hökümetara Ylalaşyga gol çekdiler.

Dünýäde

8. Şweýsariýada halkara howa şarlarynyň festiwaly geçirilýär, oňa 15 ýurtdan 60 aerostat gatnaşýar. Asmanda gaýýanlaryň Alp daglarynda geçirilýän esasy çäresi ýanwar aýynda 40 ýyldan gowrak wagt bäri geçirilýär. Diňe bu aýda Alp daglarynyň asmany arassa bolýar diýlip hasaplanylýar. Adaty bolmadyk şekillerdäki we reňklerdäki howa şarlaryndan başga-da, festiwalyň myhmanlary gije-gündiziň dowamynda şowhunly çykyşlardan hem lezzet alyp bilerler.

9. Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Wladimir Putin Russiýa bilen Belarusyň hökümetleriniň arasynda wizalary we daşary ýurt raýatlarynyň we raýatlygy bolmadyk adamlaryň ýurtlaryň çägine girmegi bilen baglanyşykly beýleki meseleleriň özara ykrar edilmegi baradaky şertnamany tassyklamak baradaky federal kanuna gol çekdi. Bileleşigi. Kanun 2023-nji ýylyň 1-nji fewralyndan güýje girer. Ylalaşygyň 2023-nji ýylyň martyndan ir herekete girmezligi mümkindir. Bu Belarus wizasy bolan üçünji ýurtlaryň raýatlarynyň Russiýa kynçylyksyz girip biljekdigini we rus wizasy bolan daşary ýurtlularyň Belarusa baryp biljekdigini aňladýar.

Sport habarlary

10. Gazagystandan Ýelena Rybakina Melburnda geçirilen tennis boýunça Awstraliýanyň açyk çempionatynyň finalyna çykdy. Ýarym final duşuşygynda Rybakina «Australian Open» çempionatynyň iki gezek ýeňijisi we dünýäniň öňki birinji raketkasy belarus Wiktoriýa Azarenkony ýeňdi. Finalda gazagystanly tennisçi dünýäniň bäşinji raketkasy belarus Arina Sobolenko bilen duşuşar.

11. Britaniýanyň iň irki gazeti «The Guardian» 2022-nji ýylyň netijeleri boýunça iň gowy 10 futbolçynyň sanawyny düzdi. Ilkinji orny 2022-nji ýylda Argentinanyň milli ýygyndysynyň düzüminde dünýäniň çempiony bolan Lionel Messi eýeledi. Sanawyň ikinji ornunda «PSŽ-niň» we Fransiýanyň milli ýygyndysynyň hüjümçisi Kilian Mbappe ýerleşdri, «Real-yň» hüjümçisi Karim Benzema bolsa ilkinji üçlügi tamamlady. «Mançester Siti» toparyndan Erling Holand dördünji, 37 ýaşly Luka Modriç («Real») bäşinji orny eýeledi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň