Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Az hereketli durmuş ýörelgesiniň esasy alamatlary

0
19661

Häzirki zaman dünýäsinde kompýuteriň başyndan turman işlemek adaty ýagdaýa öwrüldi, her ädimiňi şahsy ulagda geçmek bolsa ýöremegiň ornuny tutdy. Şeýlelikde, fiziki hereketsizlik — fiziki işjeňligiň bolmazlygy meselesi has ýitileşdi. Az hereketli durmuş ýörelgesi saglyga, özüňi duýşuňa, keýpiňe we hatda aň-bilim işjeňligiňe hem ýaramaz täsir edýär.

Ýeterlik hereket etmeýändigiňi nädip bilmeli?

Bu makalanyň mazmunynda bu ugurdaky meseläni aýdyňlaşdyrmak bilen, oňa öz wagtynda çäre görmäge ýardam etjek esasy alamatlara seredip geçeris.

Gaty bogunlar

Bogunlardaky oňaýsyzlyk we berklik artrit ýa-da awtoimmun bozulmalary ýaly çişme kesellerini öz içine alýan dürli meseleler barada habar berip bilýär. Fiziki işjeňligiň bolmazlygy bogunlaryň gatamagyna hem sebäp bolup biler.

Dem alşyň agyrlaşmagy

Ýönekeý işleri eden mahalyňyzam dem alşyňyz kynlaşýarmy? Munuň sebäbi dem alyş myşsalarynyň gowşaklygydyr!

Bisepsleriňizi türgenleşiksiz halda göz öňüne getiriň. Islendik hereket, hatda torbany götermek ýa-da gapyny açmak hem kyn bolar. Dem alyş myşsalarynda-da edil şonuň ýaly bolýar: yzygiderli maşk edilmese, olar gowşaýar, hatda ýöremek ýa-da öýi arassalamak ýaly gündelik işlerem demiň gysmagyna sebäp bolup biler.

Keýpsizlik

Fiziki işjeňlik — bu diňe bir bedeniň saglygy bilen baglanyşykly däl. Bu psihiki ýagdaýymyza-da gönüden-göni täsir edýär. Hereketsizlik alada, apatiýa we hatda depressiýa üçinem katalizator bolup biler.

Ysgyndan gaçmak

Ysgynsyzlyk we yzygiderli ýadawlyk duýgusy tanyşmy? Irdenem, hatda ukyňyzy alyp turaňyzsoň hem özüňizi ýadaw duýýarsyňyzmy? Bu ýagdaýyň sebäplerinden biri-de fiziki işjeňligiň bolmazlygydyr. Fiziki işjeňlik gan aýlanyşygyny gowulandyrýar, metabolizmi höweslendirýär we energiýa önümçiligini ýokarlandyrýar.

Haýal metabolizm

Käbir adamlarda tebigy ýagdaýda “çalt” metabolizm bolup, ol olara agram özüne agram salmazdan has köp iýmäge mümkinçilik berýär diýip hasaplanýar. Emma munuň syry diňe nesil yzarlamagy bilen bagly däl. Munda hereket uly hyzmata eýedir!

Näçe işjeň bolsaňyz, şonça-da kaloriýa ýakýarsyňyz:

- islendik hereket: ýöremek, tans etmek, tigir sürmek — bularyň hemmesi metabolizmi işjeňleşdirýär.
- dyngysyz hereket: oturgyçda oturmak, eýläk-beýläk ýöremek — hatda şeýle ownuk hereketler hem kaloriýany ýakýar.
- güýç maşklary.

Ukusyzlyk

Hereket işjeňligi gündelik işleriňizi kadalaşdyrmaga kömek edýär.

Ýaramaz ýatkeşlik

Hereket neýronlaryň ösüşine we yzygiderli ösmegine jogap berýän — “beýni belogy” bolan BDNF-iň işläp çykmagyny işjeňleşdirýär. Şeýle hem beýnide gan aýlanyşygyny ýokarlandyrýar we aň-bilim işini gowulandyrýan täze neýron baglanyşyklaryny döredýär.

Ýokary gan basyşy

Oturmak üçin näçe köp wagt sarp etseňiz, ýürek-damar keselleriniň döremek howpy we gipertoniýanyň ýüze çykmak ähtimallygy şonça-da ýokarydyr.

Prediabet

Fiziki işjeňlik bedeniňize ganyň glýukoza derejesini gözegçilikde saklamaga kömek edýär. Ganyň şekeriniň durnuklylygy sizi 2-nji görnüşli süýji keseliniň howply çygryndan uzaklaşdyrýar.

Bil agyry

Gowşak myşsalar arkanyň döwürleýin agyrmagyna getirýär. Az hereketli durmuş ýörelgesi esasy myşsalary gowşadýar we oňurganyň goldawyny peseldýär.

Iýmitlenmek islegleri

Köplenç näçe köp maşk etseň, şonça-da iýip-içmek islegi döreýän ýaly bolýarsyň. Ýöne aslynda bu düýbünden başgaça. Welosiped sürmek, suwda ýüzmek, ýöremek we ylgamak ýaly aerobika maşklary, bedendäki “açlyk gormonlarynyň” derejesini üýtgedip, işdäňi peseldýär.

Köplenç keselleýärsiň

Geçirilen barlaglaryň görkezişi ýaly, fiziki işjeňligiň pes bolmagy sowuklama keseliniň gaýtalanyp durmak mümkinçiligini artdyrýar. Yzygiderli hereket bolsa immun ulgamyny güýçlendirýär.

Deriniň akmagy

Kadaly maşklary ýerine ýetirmek deriňiziň ýaşlygyny we dartgyn halyny saklamagyna kömek edýän gan aýlanyşyny hem-de immuniteti gowulandyrýar.

Üns beriň! Bu makaladaky maglumatlar diňe maslahat bermegi maksat edinýändir.

Peýdalanylan çeşmeler: apteki.medsi.ru

Şeýle-de okaň:

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň
Meňzeş makalalar