Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Täsin ukyply Liwanur «Täsin adamlarda» bäsleşdi

11:0806.04.2024
5
117189

Türkmenistanly zehinli gyzjagaz Liwanur Berdiýewa Russiýanyň «Rossiýa 1» teleýaýlymynda ýaýlyma berilýän «Удивительные люди» («Täsin adamlar») atly gepleşige gatnaşyp, özboluşly ukyplary bilen bäsleşigiň eminlerini haýran galdyrdy.

Bäsleşigi alyp baryjy Liwanury eminler bilen tanyşdyrandan soň ony «sanlaryň diliniň lingiwisti» diýip atlandyrdy. Liwanur bäsleşigiň dowamynda özüne bu bahanyň ýöne ýerden berilmändigini subut etdi.

Bäsleşikde Liwanura iki sany çylşyrymly şert berildi.

Birinji şertde, Liwanur 50 sekundyň dowamynda ekranda peýda bolan iki belgili sanyň 100 sanysy goşup hasaplamaly boldy. Ýagny her sekuntda iki belgili sanyň iki sanysy görkezilýär. Şunda Liwanur jemi dogry hasaplap bildi (5496).

Ikinji şertde gyzjagaz ekrandan geçýän bir belgili sanyň 200 sanysyny hasaplamaly we arasyndan gelýän harplary ýatda saklamaly boldy. Bu şertde sekuntda üç belgi tizlik bilen görkezildi. Gyzjagaz sanlary hasaplady we harplar okap berdi. Harplar parasatly sözlemi emele getirdi. Netijede, adatdan daşary zehinli gyz bu synagdanam üstünlik bilen geçdi.

Zehinli gyz ýene-de takyk hasaplady. Hasap 1051-e deň boldy. Şol sanda ol harplaryň arasyndaky «Математика - это музыка разума» («Matematika ― aňyň sazy») diýen sözlemi okap bildi. Bu sözler Jeýms J.Silwestere degişlidir.

Eminler toparynyň agzasy Aleksandr Puşnoý ikinji şert taýýarlanylanda, meseläniň has çylşyrymly bolndygyny aýtdy. Çünki eminler Liwanuryň ýokary tizlikde sanlary hasaplap, harplary ýerli-ýerinde goýup biljekdigine şübhelendiler, emma Liwanur käbir ýagdaýda kompýuterden hem çalt hasaplandygyny bellediler.

Eminleriň hemmesi türkmenistanly gatnaşyjynyň ukyplaryna ünsi çekdiler. Liwanur diňe bir bu meşhur şüweleňe gatnaşmak bilen çäklenmän, özüniň, sözüň doly manysynda täsin ukybynyň bardygyny hem subut etdi. Zalda oturan ejesi bolsa gözýaşlaryny saklap bilmedi.

Ýeri gelende aýtsak, Liwanur anzan neýro arifmetika ugry boyunça Türkmenistanyň hasaba alynan ilkinji milli rekordynyň eýesi. Oňa Halkara Memoriad bütündünýä zehin sportlary federasiýasy tarapyndan tassyklaýjy güwänama hem berildi. Aşgabat şäheriniň dil derslerini çuňlaşdyryp öwredýän 87-nji ýöriteleşdirilen orta mekdebiniň 7-nji synp okuwçysynyň adamzat beýnisiniň işjeňliginiň mümkinçiliklerini synagdan geçirýän gepleşige ilkinji türkmenistanly bolup gatnaşmagy guwandyryjy ýagdaýdyr.

Türkmenistanyň ilkinji milli rekordyna eýe bolan okuwçy gyzy «Kämil bilim» okuw merkeziniň anzan neýro arifmetika (Neuro Arithmetic) dersiniň mugallymy, bu dersiň Türkmenistan boyunça utgaşdyryjysy Döwletmyrat Durdymämmedow taýýarlady.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň