Ählumumy jahankeşdeligiň girdejileri 6 trillion dollara ýeter

14:0926.04.2024
0
9324
Ählumumy jahankeşdeligiň girdejileri 6 trillion dollara ýeter
Surat: 24.kz

Halkara jahankeşdeligi şu ýylyň ahyryna çenli pandemiýadan öňki döwürdäki kaddyna doly gaýdyp geler. Şunda görkezijileriň hatda 2 göterim ýokary bolmagy mümkin. Bütindünýä Jahankeşdelik Guramasynyň hünärmenleri şeýle çaklamany öňe sürdüler diýip, «24KZ» habar berýär.

Hünärmenler ählumumy janahkeşdeligiň girdejileriniň bu ýyl 6 trillion dollara golaýlamagyna garaşýarlar. Kowid çäklendirmelerinden hemmelerden tiz Ýewropa, Aziýa-Ýuwaş umman sebitiniň we Demirgazyk Afrika ýurtlary tiz özüni dürsediler.

Şunuň bilen birlikde, gurama pudakda howanyň üýtgemegi hem-de jahankeşdeleriň arasynda has meşhur bolan jahankeşdelik ýerleriň ekoulgamynyň ýitgi çekmegi bilen bagly meseleleriň köpelýändigini belleýärler.

Munuň çözgütleriniň biri-de, jahankeşdeleriň sanyny çäklendirmekdir. Çäklendirmeleri eýýäm Italiýada, Horwatiýada, Ispaniýada we Niderlandlarda girizdiler.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň