Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistan we BMGÖM ýurduň saglygy goraýyş ulgamyny pugtalandyrmak üçin hyzmatdaşlygyny giňeldýärler

13:0806.05.2024
0
11777

Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi (TSGDSM) bilen BMG-niň Ösüş maksatnamasynyň arasynda (BMGÖM) «2024-2025-nji ýyllarda Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi tarapyndan ýokanç kesellere gözegçilik etmek üçin saglygy goraýyş maksatly serişdeleri satyn almak barada ylalaşyk» atly täze taslama barada ylalaşyga gol çekildi. Umumu bahasy 34 million amerikan dollaryndan gowrak bolan, Türkmenistanyň hökümeti tarapyndan doly maliýeleşdirilýän bu taslama ýurduň saglygy goraýyş ulgamyny pugtalandyrmaga ygrarlydygyna şaýatlyk edýär.

Taslamanyň maksady Türkmenistanyň ilatynyň inçekesel we beýleki ýokanç kesellere garşy göreşmek boýunça ýokary hilli hyzmatlara ýurduň islendik künjeginde ählumumy elýeterliligini üpjün etmeklik bolup durýar.

Bu taslama öňki ýyllarda ýetilen sepgitleri giňelder, şeýle hem ýokanç keseller bilen bagly barlag serişdeleriň we dermanlaryň üpjünçiligini dowam etdirer. Taslamanyň çäginde bejergiden daşary, täze tehnologiýalar ornaşdyrylar, ýokançlara gözegçilik çäreleri ýokarlandyrylar, tehniki kömek we hyzmat üpjün ediler.

BMGÖM-iň Türkmenistandaky hemişelik wekiliniň orunbasary jenap Tomisa Paowiç: «Saglygy goraýyşa maýa goýmak durnukly ösüş maksatlaryna ýetmek üçin wajyp şertdir. BMGÖM-de biz Türkmenistanyň Hökümeti we ösüş hyzmatdaşlary bilen hemmeler üçin sagdyn durmuşy we abadançylygy üpjün etmek üçin hyzmatdaşlyga ygrarly bolup durýarys. Adam hukuklaryny we gender taýdan deňligi nygtaýan köp pudaklaýyn çemeleşme arkaly Türkmenistanda ählumumy saglygy goraýyşa ýetmek üçin zerur saglyk hyzmatlarynyň giň toplumynyň durnuklylygyny pugtalandyrýarys we goldaýarys» diýip belläp geçdi.

Ýeri gelende bellesek, BMGÖM we TSGDSM köp ýyl bäri jemgyýetçilik saglygy pudagynda hyzmatdaşlyk edýärler. Hususan-da, ýokanç kesellere gözegçilik pudagynda BMGÖM bilen TSGDSM-niň arasynda 2016-njy ýyldan bäri hyzmatdaşlyk edilýär we umumy bahasy 35 million amerikan dollar bolan dört taslamany durmuşa geçirildi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň