Soňky habarlar

Arhiw

ABŞ-da Muhammet Alynyň öýi satuwa çykaryldy

10:3606.05.2024
0
9590
ABŞ-da Muhammet Alynyň öýi satuwa çykaryldy
Surat: mir24.tv

Rowaýaty boksçy Muhammet Alynyň ýaşan öýi ABŞ-da satuwa çykaryldy. Giň mülk ýer Los-Anjelesiň Henkok-park etrabynda ýerleşýär.

Ol ýerde boksçy 1979-1984-nji ýyllarda ýaşapdyr. Öý bir müň inedördül metr töweregi ýeri eýeläp, 60 gektar meýdanda ýerleşýär. Onuň içi italýan mermeri, fransuz hrustaly we aýna witražlar bilen haşamlanypdyr.

Muhammet Alynyň öýüne öň Golliwudyň ýyldyzlary, şol sanda Silwester Stallone, Klint Istwud dagylar baryp görüpdir.

Öýüň onlaýn-söwdasy 26-njy aprelde başlandy, 15-nji maýda tamamlanar. Başlangyç baha 13,5 million dollar diýip, «The New York Post» gazetine salgylanýan «MIR 24» habar berýär.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň