Häzirki zaman dünýäsinde planetamyz hakda alada etmek — bu diňe bir moda öwrülen özboluşly akym hem däl-de, hakyky durmuşy zerurlyk. Özümizde we çagalarda ekologik abadançylygy goramagyň endiklerini näçe tiz terbiýelesek, şonça gowy.
Nähili ýönekeý ekologik endikleri ýola goýup bolar?
1. Suwy tygşytlamak:
- gap ýuwýan mahalyňyz, ýa bolmasa-da dişiňizi ýa eliňizi ýuwup arassalaýan mahalyňyz suwy akdyryp goýmaň.
- wannanyň ýerine duş kabul ediň.
- gap-gaç ýa-da egin-eşik ýuwýan maşyny diňe dolduryp ýuwjak mahalyňyz işlediň.
2. Elektrik energiýasyny tygşytlamak
- ulanmaýan mahalyňyz çyrany öçürip goýuň.
- energiýany tygşytlaýjy lampalary ulanyň.
- ulanylmaýan mahaly elektrik enjamlary tokdan aýryp goýuň.
3. Tebigata aýawly çemeleşmek:
- köçäni hapalamaň.
- zibili aýyl-saýyl edip zyňyň.
- bir gezeklik paketleriň ýerine köp gezeklik ulanyp bolýan torbalary ulanyň.
- gaty bir zerur bolmadyk ýagdaýynda golaý ýerlere awtoulagda däl-de, pyýada ýa-da welosipedli gidiň.
- nahal oturdyň.
4. Oýlanyşykly sarp etmek:
- artykmaç satyn almaň.
- gerekmejek geýimleriňiz bolsa mätäçlik çekýänlere beriň.
Ýokarda mysal getirilen ekologik endikleriň hiç birini ýerine ýetirmeýän bolsaňyz, alada etmäň. Diýmek, siziň bu ugurda kämilleşmegiňiz üçin heniz mümkinçiligiňiz bar. Iň bolmanda bu adaty ýörelgelere eýermek bilen, durmuşyňyzy ekologiýa taýdan arassa edip bilersiňiz.
Endikleriňizdäki kiçijik üýtgeşmeleriň hem planetada uly özgerişleriň bolmagyna goşant bolup biljekdigini ýadyňyzdan çykarmaň.
Özüňizde we çagalaryňyzda ekologiýa abadançylygyny üpjün etmek endiklerini kämilleşdiriň we şonda bilelikde dünýäni has arassa we ýaşyl etmegi başararys!
Şeýle-de okaň: