Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

«Buterbrod kanuny» ýa-da bolmajak ýaly görnüp, çyndanam bolmaýan zatlar

1
55352

Her kim ýalanyň kanuny ýa-da başgaça aýdylanda bişowlylyk kanuny bilen tanyş bolsa gerek, oňa laýyklykda buterbrod gaçan halatynda aşak hemişe ýagly ýüzüne düşer. Islendik adam bu kanunyň aslynda diňe bir buterbrod bilen bagly bolmasa-da, hakykatdanam bişow çykýandygyna iň bolmanda bir gezek göz ýetirendir. Aslynda, «bişowlyk kanunlary» köp we olaryň aglabasynyň manysy teoriýa boýunça düşündirilende bir zat ýalňyş bolup bilýän bolsa, ol hökman ýalňyş bolar diýen pikir bilen düşündirilýär.

«Mörfiniň kanuny» ýa-da şol «Buterbrod kanuny». Ony 1949-njy ýylda amerikaly harby işgär Edward Mörfi kadalaşdyrypdyr. Ol adamyň iň soňky derejede çydap biljek ýüklenme güýjüni kesgitlemek bilen bagly taslamanyň üstünde işläpdir. Bir gezek ol uçaryň propelleriniň taslamada göz öňüne tutulyşyndan ters tarapa aýlanýandygyny görüpdir. Seretse, tehnikler enjamlary yzdan öňlügine ters gurnapdyrlar. Mörfi şundan soň, tehnikleriň, esasan, aslynda-da weýran bolup biljek zady bütinleý ýok edip biljekdigi barada pikirini aýdypdyr.

«Henlonyň päkisi». «Hiç haçan samsyklyk bilen düşündirip boljak erbet işe sebäpkär bolmaň». Ýagny, erbet, düşnüksiz ýa-da pajygaly bir zat ýüze çyksa, hökman biriniň bilkastlaýyn guraýan işi däldigi, ýa bolmasa-da intrigalaryň — köplenç adaty samsyklykdan, başarnyksyzlykdan ýa-da ýalňyşlykdan döreýändigi çyn. Aýratynam, islendik negatiw ýagdaýy «duşmanyň hileleri» diýip düşündirýän bilkastlaýyn edilýär diýýän teoriýalara ynanýan adam bilen bolýan söhbetdeşlikde «Henlonyň päkisi» kanunyna ýüzlenmek juda ýerliklidir. Iňlisler bu kanuny has gysga we takyk beýan edýärler: «Bu dildüwşük däl, aldaw».

«Saparyň täsiri» kanuny. «Aslynda birkemsiz işläp duran ulgam müşderiniň öňünde synagdan geçirilse, hökman näsazlyk ýüze çykar». Bu kanun bir tarapdanam tersligine işleýär — tehnik baranda bolsa, dek düýnüň özünde durky bilen näsaz işläp duran enjam birkemsiz işläp durandyr. Ussanyň giden badyna bolsa ýene-de enjamyň ýagdaýy öňküsi ýaly.

«Ýara daňysynyň kanuny». Oňa laýyklykda, lukmançylyk ýara daňylary iki görnüşe bölünýär: ýapyşmaýanlar we sypyryp aýyrmasy mümkin däl diýen ýaly görnüşdäkiler. Bu kanunyň manysy — «altyn ortalygy», ýagny kadaly ýagdaýy tapmak örän kyn diýmegi aňladýar.

«Saýawan kanuny». Bu kanun diýseň ýönekeý: ýagyşa garaşýan wagtyňyz ýanyňyza saýawan alsaňyz, howa açylar. Howa bulaşmaz diýen umyt bilen saýawanyňyzy öýde goýsaňyz, hökman ýagyşa ezilersiňiz. Başgaça aýdylanda, islendik synaga mümkin boldugyça taýýarlyk görseňiz, örän ýeňil geçer, aslynda taýýarlanmadyk bolsam hem üstünlikli geçjek ekenim diýen netijä gelersiň. Diňe rahatlanyp, şowuna düşer diýen pikire bil baglamaly bolýar, şonda kynçylyklar birin-birin kemeler.

«Godwiniň kanuny». Onuň sözlerine görä, islendik gyzgalaňly syýasy jedeller partiýalaryň biriniň garşydaşyny Gitler ýa-da nasistler bilen deňeşdirmegi netijesinde tamamlanýar.

«Nobatyň kanuny». Goňşy ýerde dowam edip duran nobat hemişe tiz hereket edýän ýaly. Ýöne şol tiz nobata baryp durup gör, ol derrew edil «doňup duran ýaly bolar, indi tersine, ozalky duran nobatyň çalt hereket edip başlaýar.

«Awtobusyň kanuny». Bu kanun bilen ilatyň 99 göterimi tanyşdyr. Size gerek däl belgili awtobus duralga her 5 minutdan gelip durandyr, emma sen öz münmeli awtobusyňa ýarym sagatlap garaşyp duransyň, wagty bilen gelmez.

«Piteriň ýörelgesi». Bu kanun iýerarhiýanyň ýörelgelerini öwrenmegiň üstünde işleýän mugallym Lowrens Piter tarapyndan düzüldi. Bu kanun şeýle: «Iýerarhiki ulgamda islendik işgär özüniň başarnyksyzlyk derejesine çykar». Ýagny, guramanyň iýerarhiki ulgamynyň bir işgäri, nämeleriň bolup geçýändigine we nähili hereket etmelidigine düşünýänçä, ol eýýäm karýera basgançagyna çykyp, az bolmadyk wagtlap işläp gezer. Adaty söz bilen aýdylanda, bu guramanyň çäginde ösmeginiň mümkin bolmadyk derejesine ýeter.

Peýdalanylan çeşmeler: theoryandpractice.ru; adme.media

Şeýle-de okaň:

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň
Meňzeş makalalar