Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Psihologik sindromlaryň nähili görnüşleri bar we olar näderejede zyýanly

0
35312
Psihologik sindromlaryň nähili görnüşleri bar we olar näderejede zyýanly
Surat: pixabay.com

Lukmançylyk ýa-da psihologiýa temasy bilen gyzyklanan adamlaryň aglabasy «sindrom» diýen adalga bilen kän gabatlaşan bolsalar gerek. Emma bu düşünjäniň aslynda näme aňladýanyny bilýän bolsa azdyr.

Sindromlar lukmançylyk we psihologik sindromlar diýlip tapawutlandyrylýar. Bularyň ikinjisi özbaşyna kesel hasap edilmese-de, psihiki näsazlygyň bir bitewi bölegi bolup, adama zyýanly täsir edip bilýär. Birnäçe giňden ýaýran, şeýle hem düzedip bolýan sindromlar dogrusynda beýan edeliň.

«Pariž sindromy»: ondan köplenç ýapon syýahatçylary ejir çekýärler. Psihologlaryň kesgitleýşi ýaly, bu görýän zadyň garaşylýany ýaly bolup çykmasa döreýär. Muny düşündirmeli bolsa, mysal üçin, köpler Pariž şäherini edil ertekilerdäki ýaly, aýdyň, akylly adamlaryň jemgyýeti ýaly göz öňüne getirýärler, aslynda welin, bu ýere baryp görýänler üçin ol beýle-de däl. «Pariž sindromynyň» alamatlary hökmünde gallýusinasiýa, bedeniň oňaýsyz duýmak, howsalaly bolmak, tahikardiýa, aşa derlemek ýaly ýagdaýlary belleýärler.

«Ýerusalim sindromy» — dini ymtylyşyň köpdürlüligi. Bu sindrom hem syýahatçylarda bolup geçýär. Onsoňam, ol islendik dine uýýanlar üçinem täsirli duýgudyr. Ol musulmanlar, hristianlar, hatda jöhitlerde-de bolup bilýär. Munuň alamatlary — adam bu şähere barmak bilen, özünde hudaýtarapyn bir hili, edil mukaddes ynsanlaryňky ýaly tebigy güýjüň bardygy dogrusynda oýlanmaga başlaýar, dini ekstaza, dini dünýäniň jümmüşine düşüp, duýgy-düşünjesine biygtyýar bolýar. Bu duýgy hatda kimdir biri bilen pikir alyşmak isleginem döredýär. Adatça, bu sindrom köplerde Ýerusalimden gelenden soň kütelişýär, gaty seýrek ýagdaýlarda bolsa, lukmanyň kömegi hem zerur bolýar.

«Stendal sindromy» ilkinji gezek onuň alamatlaryny özi duýup gören fransuz ýazyjysy Stendalyň ady bilen baglanyşdyrylýar. Ol beýik sungat eserlerini — nakgaşlary, heýkelleri, arhitektura binalaryny duýup kabul edilen mahalynda döreýär. «Stendal sindromynyň» fiziki taýdan tahokardiýa, gallýusinasiýa, çaşyp ýykylmak, aşa duýujylyk ýaly alamatlary bolýar. Adam syn edýän daşky dünýäsiniň, görýän beýik eserleriniň manysyny ýitirýär, olaryň çäkli zatlardygyny duýýar. Bu sindromdan köplenç nusgawy, aziýalylaryň sungatyndan örän tapawutlanýan sungat bilen terbiýelenen ýewropalylar ejir çekýärler.

«Dorian Greýiň sindromy» — bu edil Oskar Waýldyň eserindäki gahryman Dorian Greýiňki ýaly, garramak hem-de fiziki keşbiňi ýitirmekden gorkmagyň netijesinde ýüze çykýar. Dorian Greý sindromly adamlar, köplenç, plastiki hirurgiýa klinikalarynyň yzygiderli müşderileri bolup, depressiýa we öz-özüňi heläk ediji pikirlere meýillidirler. «Dorian Greý» sindromlylaryň arasynda aktýorlar we jemgyýetçilik işgärleri köpdür.

Köplere mälim bolan «Stokgolm sindromy» duşmançylykly bolan adamyňa esassyz ýerden duýgudaşlyk bildirmekdir. Beýle ýagdaýda ejir çeken garşydaşyna duýgudaşlyk bildirip başlaýar, «düşünmäge we bagyşlamaga» synanyşýar, hatda kämahal oňa goşulýaram (muňa terrorçylaryň ýesir alanlarynyň käbiriniň soňlugy bilen olaryň tarapyna geçip gidýändigini mysal getirip bolar).

«Ördek sindromy»: Biologlar täze doglan ördegiň ilkinji gören janly jandaryny (käte hatda jansyz jisimi hem) ýalňyşyp ejesi hökmünde kabul edip bilýändigini aýdýarlar. Şeýle ýagdaýda ördek öňündäki jandaryň ejesidigine doly ynanyp, pişigiň, itiň ýa-da başga bir haýwanyň yzyndan ylgaýar. Psihologiýada şeýle sindrom adamyň iň oňat görýän zadyny ýa-da adamsyny, durmuşda ilkinji gözüne ilen zatlary gören ýagdaýynda, şondan başga hiç bir zady islemedik halatynda döreýär.

«Ak towşan sindromynda» adam hroniki taýdan günüň dowamyna meýilleşdiren zatlarynyň hemmesini edip ýetişmezlikden gorkýar we bu ýagdaý ony howsala düşürýär. Şeýle adamlara köplenç aşakdaky maslahat berilýär:

  • sagady 10-15 minut öňe süýşürmek;
  • işleriňi ähmiýetine görä paýlamak;
  • irden etjek bolýan işleriňizi ýazyň we ony dynanyňyzdan soň kesiň;
  • başga birine tabşyryp boljak ýagdaýlaryň bardygyny ýa-da ýokdugyny barlamak;
  • howsala düşen ýagdaýyňda dem alyş maşklaryny ulanmak.

«Sawant sindromy» — bu sindrom, adatça, autizm ýaly kesel bilen bilelikde ýüze çykýar. Şeýle adamlary käwagt «samsyk geniler» diýip hem atlandyrýarlar. Köplenç şeýle adamlar aklynyň pes bolmagy, aňynyň ösmeýandigi babatda ejir çekýärler, ýöne «sawant sindromly» adamyň hakyky zehininiň ýüze çykýan ýerlerem ýok däldir: ajaýyp ýatkeşliginiň, aýdym-saz döretmek ukybynyň bolmagy, ol belki zehinli matematik bolup biler, daş-töweregindäki ýa-da hyýaly dünýäniň suratlarynyň ajaýyp gözelligini we takyk şekillerini döredip biler. Ähli beýleki zatlar bilen deňeşdirilende, sawant biçäredir. Şeýle adamlaryň ajaýyp mysallarynyň biri hem «Ýagyş adamsy» filmindäki keşbi ýerine ýetiren Reýmond Bebbitdir.

«Asperger sindromy» hem autizm spektriniň bozulmalaryna degişlidir. Sawantlardan tapawutlylykda, «Aspergerlileriň» IQ derejeleri adaty ýa-da ortaçadan ýokary bolýar, ýöne olaryň psihikasyna adaty däl, geň häsiýet mahsusdyr. Şeýle adamlar beýleki adamlar bilen aragatnaşyk saklamakda kynçylyk çekýärler: beýleki adamlaryň duýgularyny kynlyk bilen okaýarlar we öz pikirlerini hem aňsat beýan edip bilmeýärler. Şeýle-de olar werbal däl signallara — ýüz keşbe, yşaratlara, nazarlara düşünmeýärler. Ýönekeý adamlaryň adaty ýagdaýda duýýan zatlary «Aspergerliler» üçin elýeterli däldir. Bu adamlaryň, adatça, gepleýşi ösen bolýar, olar jemgyýetleşen häsiýetlidir, ýöne başga adamlar bilen aragatnaşyk etmäge bolsa meýilli däldirler, çünki anyk nähili görnüşde, ýerbe-ýer geplemelidigine gowy düşünmeýärler. Köplenç haýsydyr bir güýmenje ýa-da mowzuk dogrusynda söhbetdeşine gyzykly däl hem bolsa, birnäçe sagatlap gürrüň berip oturyp bilýärler. Asperger sindromly adamlaryň hatarynda Ilon Mask bilen Greta Tunbergiň bardygyny bellemek bolar.

«Plýuşkin sindromy» ýa-da zat toplamaga bolan patologiki hyjuw. Bu ýerde gürrüň maddy serişde toplamak barada gidenok — «Plýuşkin sindromyndan» ejir çekýänler özlerine ähli zerur däl zatlary, döwülen enjamlary, köne-küşül eşikleri ýygnaýarlar, şeýdibem öýlerini zibilhana öwürýärler. «Plýuşkin sindromly» adamlar töweregindäki bulam-bujarlyga biperwaý garaýarlar, daş keşbine-de kän bir üns bermeýärler we ykdysady taýdanam örän köp pul harçlaýarlar. Bu sindrom, adatça, garry adamlarda bolýar, ol şeýle-de demensiýanyň we şizofreniýanyň ýüze çykmalarynyň biri hasap edilýär.

«Emosional özüňi ýakmagyň sindromy» — lukmanlaryň, mugallymlaryň, uçarmanlaryň, ýokary wezipeli başlyklaryň, ýagny işinde emosional stressiň we ýokary jogapkärçiligiň ýokarlanmagy bilen baglanyşykly adamlaryň arasynda ýygy duş gelýär. Bu sindromyň netijesinde öz işiňe biperwaýlyk ýüze çykýar, ýigrenç döreýär, adam öz işiniň netijelerine biparh garaýar. Muňa adamyň işinde özüniň hünär taýdan ýeri däldigi bilen bagly duýgyny, yzygiderli ýadawlygy we psihosomatiki meseleleri goşmak bolar. Bu kesele aşa jogapkärçilikli we duýgur adamlar duçar bolýarlar.

Surat: ru.freepik.com

«Wahter sindromyndan», adatça, onuň daşaýjysy däl-de, töweregindäkiler ejir çekýärler. «Wahter» — bu kiçijik wezipä eýe bolup, ony hyýanatçylykly ulanyp başlaýan adamdyr. Bu hili adamlar resmi görkezmelerde bolmadyk «öz» düzgünlerini düzýärler, garaşly adamlary köp sanly gerekmejek resminamalary ýygnamaga ýa-da birnäçe sagatlap garaşmaga mejbur edýärler. Olar beýle etmek bilen, umuman, özlerini agressiw alyp baryp, sylag gazanjak bolýarlar we ulumsylygyny görkezýärler. «Wahter sindromy» köplenç durmuşyndan nägile bolan, kiçi jogapkärçilikdäki adamlarda ýüze çykýar.

Şeýlelik bilen, käbir sindromlar o diýen bir uly müşgilligi döretmeýär, olaryň aglabasy, adatça, belli bir wagtdan soň aýrylyp gidýär («Stendal sindromy», «Pariž» we «Ýerusalim» sindromlary), beýleki birleri ony daşaýjylaryň ýa-da başga adamlaryň durmuşyny kynlaşdyryp biler, käbir sindromlar bolsa, akyl taýdan näsazlygyň alamatydyr.

Peýdalanylan çeşmeler: katrenstyle.ru; ru.wikipedia.org; adme.media; theoryandpractice.ru

Şeýle-de okaň:

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň
Meňzeş makalalar